Bir samsyk bar ýaly bir agyr derdi,
Süleýman patyşañ gaşyna bardy.

Şa diýdi: "Aýdyber, islegiñ näme?"
"Wah, zalym Ezraýyl mündi mekgäme.

Yzymdan galanok nirä ugrasam,
Tapaweri bu ýagdaýa çäre sen".

"Näme etmeli men? Bu niçik gepdir?"
"Şahym, sen şeýle bir harasat gopdur.

Meni Hindistana eltip taşlasyn.
ezraýylyñ päl-niýeti paşmasyn".

Süleýman şa onuñ diýenni etdi,
Harasat samsygy düýrläp äkitdi.

Bir günem ol Ezraýyla sataşyp,
Şeýle diýdi bolan işden gep açyp:

"Sen - Allañ çapary. Bilýärin, zorsuñ,
Näme, o biçärä gün bermeýärsiñ?

Senden gorkusyna, öýünden bizar
Bolup, ýat ülkede çekip ýör azar".

Ezraýyl şeý diýdi: "Buýruk Hudadan,
Tapmaly men nirde bolsa şol adam.

Bu ýere gelmegi geñ ol bendäniñ,
Hindistanda almalydym oñ janyn.

Günä baryn etdi undup Hudaýy,
Hut sakar dowzahda taýyn oñ jaýy.

Azap çekip, onuñ üstüne gitdim,
Baryp, ýakasyndan ebşitläp tutdum.

Edýän işim agyr bolsa-da herne,
Hudaýyñ buýrugyn ýetirdim ýerne".

Bilmegimiz gerek bir zady açyk,
Gitjek ýerimiz ýok ajaldan gaçyp.

Gaçman, mydam oña bolmaly taýyn,
Nirä sypjak nazaryndan Hudaýyñ?!

Muhammet Jelaleddin Rumy

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir