1.Otag güllerini janlandyrmak üçin olary sähelçe süýjedilen suw bilen suwarmak maslahat berilýär.
2.Pyçak, gaýçy ýaly gurallary nahar duzy eredilen suwa ýarym sagat çümdürip goýup, soňra ýiteltseňiz, has kesgir bolar.
3.Ýüz görünýän aýna Gün şöhlesiniň düşýän ýerinde asylsa, ol tiz zaýalanar we ýalryldysyny ýitirer.
4.Tebigy ýüpekden bolan egin-eşikler çalarak çyglandyrylyp ütüklense, ýygyrdy gowy ýazylar.
5.Ulag dolandyranyňyzda egniňizi rahat we gowşak saklaň, şeýle bolanda arka we boýun myşsalaryňyzyň dartylmagynyň öňüni alarsyňyz.

Internet Sahypalaryndan

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir