Köçäniň öwrümine ýetenimem şoldy. «Salam, Bägül!» diýen sese tisgindim. Yzyma gaňryldym. Görsem, eli bäbekli, ýany uzynak ýigitli, görmegeý ýaş gelin ýylgyryp dur. Men birhili boldum. «Be, bi meni nireden tanaýarka?» Esli wagtlap dymyp durdum. Gitdim bir oýa. Ak ýüzli gelin: 
– Bägül, nä, meni tanamadyňmy? – diýdi. 
Men baş atdym. Ol: 
– Men şol garly gijeki gyz-da – diýdi. 
Şeýle diýenden, ony bagryma basdym. Içimden onuň aýdan sözlerini gaýtaladym: «Men şol garly gijeki gyz-da...» 
Dekabryň sowuk garly gijeleriniň biridi. Gije ýarymdan agandyr-da, penjiräniň şakyrdysyna oýandym. Öýde ýeke özümdim. Baryp, gapyny açmaga çekindim. Penjireden yşykladym. Garyň üstünde digdenekläp duran aýak ýalaňaç gyza gözüm düşdi. Siňe seretdim. Täzelikde göçüp gelemizsoň, töweregimizdäki ýakyn-daş goňşularymyzy kän bir tanamokdymam. Näme etmeli? Näme üçin gijäniň bir wagty bu gyz beýdip ýörkä? 
Ýüregimi bire baglap, gapyny açdym. Gapyny açaryma mähetdel, ol gyz gujagyma kürsöp urdy. Ol edil ysytma tutýan ýaly bütin göwresi bilen sandyraýardy. Gapyny ýapyp öýe girdik. Derrew peji ýakdym. Çaý gaýnatdym. Pejiň gapdalynda ýumşak edip düşek salyp, egnine ýyly geýim geýdirdim. Esli wagt oturdyk. Ol gyz dymyp otyr. Ahyry men dil ýardym: 
– Boýdaş, saňa näme boldy? Ol ne gepledi, ne sözledi. Gözünden bady-baran goýberdi. Käte-käte horkuldap aglady. 
Bir haýukdan soň zordan dillendi: 
– Jora, sen sorama, men aýtmaýyn. Meň... 
Gyzyň damagy dolupdy. Ondan artyk olam dil ýarmady, menem soramadym. Çaý içip, içini-daşyny birneme ýyladyp, sandyramasyny goýandan soň, çyrany öçürip, ýerimize geçdik. Men hiç uklap bilmedim. Esli wagtdan soň köçede hümürdi eşidildi. Ýognas sesli adamyň gödek sözlerini aýyl-saýyl eşitdim: 
– Wah, bu eýýamyň gyzlarynyň elinden gelmejek zat ýokdur... 
Aýal sesine çalymdaş ikinji bir erkek kişiniň sesi oňa jogap berdi: 
– Ojagaz gyrnak elime bir düşsün, men onuň elinden näme geljegini görkezerin. Onuň ganyny gotura derman ederin. Ol menden sypyp, nirä gidäýerkä? Ýere girse-de, taparyn. Parçalap, parçalap gaýdaryn. Geldi çapygyň gyzy gaçypdyr adyna galanymdan telpegimi ters geýerin. Onuň bu sözlerine ýatan ýerimden howpurgadym. 
Birden ýaňky gyz turup: 
– Boýdaş jan, men gideýin, birden sizem ýok güne salaýmaýyn – diýdi. 
Men ony köşeşdirdim: 
– Jora, sen hiç ýaňa gitmersiň, Seni ol tetelli näkesiň eline berip bilmerin. Sen şu ýere hemaýat isläp gelipsiň. Şol tamaňy men hökman ödärin. Arkaýyn bolaý, olar saňa barmagynam batyryp bilmez. 
Gyz uludan demini aldy. Ýerine geçip ýatdy. Ýöne ýatyp ynjalygy ýokdy. Bir eýlesine, bir beýlesine agdarylýardy. Garşy-garşy uludan dem alýardy. Ol ahyrsoňy uka gitdi. Daň atdy. Ol gyz henizem süýji ukuda ýatyrdy. Düýş görýän borly, kä ýylgyrýardy, kä gaşy çytyljyraýardy. Onuň nurana keşbi gaýgy-hasratdan doludy. Dyngysyz akan göz ýaşyň yzy onuň ýaňagynda tegmil-tegmil yz galdyrypdyr. 
Ertir çaý-çörek edinip, okuwa ugradym. Ol gyzyň baş ujunda-da hat goýup gitdim. Okuwdan gaýdyp geldim. Görsem, ol gyz ýok eken. Açaryň ýanynda hat goýup gidipdir. Hoş, jora. Eden ýagşylygyň üçin köp sag bol. Men seni hiç wagt unutman. Irde-giçde gelerin. Ýagşylygyňy ýerine salaryn. Boýdaş, dogry, ikimiz tanşybam bilmedik. Seň adyň Bägüldigini-hä stoluň üstünde rejelenip goýlan depderleriňden, bloknotyňdan okap bildim. Özüm hakda bolsa men saňa käbir zatlary gürrüň bereýin. 
Hawa, Bägül, sen meniň sekiz ýaşymdakam ejemden galanymy bilýänem dälsiň. Öweý enäniň elinde horluk baryny çekenimden bihabarsyň. Saçymy sirke basdyryp, kelhana düşenimden hem habaryň ýokdur. Daň atanyndan tä garaňky düşýänçe odun çöpläp, çaga göterip, egnimiň ýara bolanyny hem bilýän dälsiň. Mydama ýumşuna ýugrulyp, näçe iş etsem-de, ejeligime ýaranma ýokdy. Onuň gahar-gazaby zerarly näçe gijeleri aç-suwsuz geçirdim. Ömrümde ýekeje gezek öz adyma tikilen köýnek geýip görmedim. 
Depämde gör näçe taýak döwüldi! Ah, jora jan, jora jan, ynsan balasy enesinden galmasyn! Kaka-da kaka-da. Heleýiniň gepini tumar edinip dakynýa. Hawa, boýdaş jan, çagajykkam ejem biçak eý görerdi. Hiý goýaý. 
Arman... Wah, ölüm gursun. Ejem janyň ölüm ýassygynda ýatyrka aýdan sözleri şu günki ýaly ýadymda: «Kakasy, meni ynjytmajak bolsaň, meni görümde arkaýyn ýatar ýaly etjek bolsaň, ýekeje gyzymy oňat saklagyn. Ata ýerinde-de, ene ýerinde-de durjak sensiň. Ony hor-homsy etmegin». 
Kakam nädendir öýdýäň, boýdaş jan? Dogry, ilkibada oňadam saklady. Soň... 
Soň bolsa hemme zat üýtgedi duruberdi. Ol bir neşekeş aýala öýlendi. Jora jan mundan artyk geplemäýin... Ah, boýdaş, boýdaş... Meniň çeken jebrimi sen sorama.
Hawa, il deňinde menem okan boldum. Onýyllygam gutardym. Onda-da ne gutarmak! Ölümiň. Öýünde gutardym. Ýama-ýama eşigim. bilen ile çykmaga utanýardym.   
Alajyň näme, başyňa düşse, çekibermeli bolýarda. Hawa, onunjynam gutardym. Onunjyny gutaraga-da, okuwa gitjek boldum. Goýbermediler. Ýalbardylar, ýakardylar. Bal kölüne batyrdylar. Eneligimiňem dili süýjedi gitdi. Oňat geýindirip başlady. Adymy hem gyzym diýip tutup başlady. 
Gepiň gysgasy, meni mazaly özüne ylykdyrdy. Indi ol gyzka başyndan geçiren wakalaryny gürrüň edip berýärdi. Ol bir ýigit bilen söýüşenini hem aýtdy. Arman, oňa ýetip bilmänliginden zeýrendi, şumjardy, aglady. Wah, jora jan, göreniň men-dä. Onuň bolşuna güp ynanyp oturybersem nätjek? Menem oňa bir ýigit bilen söýüşýänimi aýdyp oturybermenmi?! O-da göwünlik beren kişi boldy. Ýöne agşam kakam gelende welin ony edil möý okan ýaly okapdyr. Kakam dergazap bolup ýanyma geldi. Meni öldir ýaly ýençdi. «Daşaryk çykaýsaň, toýnagyňy keserin» diýip haýbat atdy. 
Ertesi öýlänlerdi. Öýde ýeke özüm keşde çekip otyrdym. Ejeligimiň gyzjagazy ýanyma geldi. Ol meni çyny bileň gowy görýärdi. Menem ony gowy görýärdim. Onuň menden zat gizlemesi bolmazdy, Ol maňa: «Läle, seni şu gün agşam ejemiň neşekeş jigisine berip goýberýärler» diýdi. Üstümden gaýnag suw goýberilen ýaly boldy.  Gün ýaşdy. Menem aýak ýalaňaç öýden gaçdym. Size geldim. Söýgülim bu zatlardan habarsyzdy. Ýöne şu gün hökman geler. Geler. Men oňa jigimden hat iberdim. Bägül jan, meni bela-beterlerden aman-sag saklan sensiň. Tä ölinçäm saňa minnetdar bolaryn. Eşidýämiň, Bägül jan, ömrüm boýy hyzmatyňda borun. Men ýene hökman gelerin. Toýa gelerin. Hoş onda, jora! Öz boýdaşyň Läle...» 
– Bägül, saňa näme boldy? 
Bu sese tisginip gitdim. Özüme geldim. Görsem, Läläni gujaklap duran ekenim. 
– Men dolanyp gelerin diýipdim. Dolandymam.  Biz size toýa barýas, dogan jan. Läläniň ýanynda Duran ýigit tolgunyp-tolgunyp: 
– Uýam! – diýip, elimi berk gysdy. 
Men bolsam öz bagtyna göreşip ýeten bu ýaşlaryň begençli ýüzlerinden gözümi aýryp bilemokdym. 

Awtor:Bahargül KERIMOWA.
Cheshme:kitapcy.com

Edebiýat, Shatlyk. tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir