Salam dostlar. Mundan ozalky mowzugymda kabir agzalara tekiz ýer barada düşündiriş maglumatlary beripdim. Kabir soraglara jogap bermandirin.
Paris agza aydypdyr: tekiz ýer bilen dogry gidiberseň älem giňişligne gaçýaň.
Jogap: Beýle zat ýok. Ýeriň gutarýan ýerinde asman gümmezi bar. Ondan anyrdyny biz bilemzok. Belki bizinka menzeş Parallel älemler bardyr.
Ulygyz agza: Kompas nähili işleýär? Magnit meýdan nähili?
Jogap: Tekiz ýer kartasyny synlan bolsaň, merkezde dg polyus. Das towerek go polyus yagny antarktida. Kompas diňe demirgazygy görkezýändigini köpimiz bilýäs. Biz komposa görä gündogara ýa günbatara syýahat etsek, gaýdan ýerimize gelýäs. Magellan hem şeýfipdi. Nähili ýönekeý jogap. Tekiz ýer kartasyny tapyp bilmeseňiz BMG baýdagyna serediň.
*Hemedany agza: Kuranda ýeriň düýeguş ýumurtgasy şekilde ýaradylandygy aýdylýa. Kyýamat gopanda ýer tekiz bolar.
Jogap: Ýer düýeguş ýumurtgasy şekilde bolsa, hany onuň beýle suraty? Ýer suratlarna seretsem bardy tos togalak. Kurana gelsek, bu ýalňyş tefsir edilen Naziat süresi 30-njy aýat bolmaly: Vel arde bade zalike Dehaha. Ýagny: we ondan soňra ýeri ýaýyp goýduk. Dehaha sözüniñ manysy ýaýmak diýmek muny düýeguş ýumurtgasy bilen baglanşdyrýarlar. El Udhiýýu düýeguş ýumurtgasyny aňladýar. Aýatda beýle söz ýok. Dehaha sözüniň manysy düýeguşyň ýumurtga taşlamak üçin taýynlan ýerini aňladýar. Ol hem tekiz şekilde ot çöplerden arassalan bir tegelekdir. Kurany okan bolsaň, Ýeriň hereket etmeýäni hereket edýän gün, aý we ýyldyzlardygyny beýan edýär. @hickim77 agzanyň bir blogy bar. Ol blog aslynda meniňki dostluk saýtynda goýupdum. Ol hem bu saýtda goýdy.

Bilim, Khanture tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir