Filosofiýa sapagy başlady. Mugallym geldi, elinde ak kagyz bar. Kagyza bir gara nokat goydy. Soň bizden sorady:
- Bu näme?
Biz:
- Gara nokat!
Mugallym bu jogaba gaty gynandy, soň bizem näme bolýar diyip soradyk.
Mugallym:
- Siz näme üçin diňe gara nokaty gördüňiz? Näme şundan başga şu ýerde zat ýokmy? Siz näme üçin ap-ak kagyzy görmediňiz? Näme üçin siz kiçijigem bolsa gara nokady gördüňiz, emma ak ullakan kagyzy görmediňiz diydi.
Netije: Adamlarda näçe gowulyk bolsa-da biz näme üçindir diňe erbetligi görýäris. Hemme zatdan diňe gowy netije çykarjak bolalyň!

Çeşme - Ertir.com
#Perhat Sabirovv
25.12.2020ý 1:37

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir