Dogulmankam günäm näme!?
Eje, sen howsalaly, men duýýan. Sebäbi seň ýüregiň çalt urýar. Ýüregiň çalt urşuny bilmegimiň sebäbi bolsa seň ýüregiňe gönümel hem başga manydada iň golaýy men ahyry. Sen meň ejem. Men güjüjegemdäl, pişijegemdäl, guşjagazamdäl, men seň bir bölejigiň, sen ganyň hem damarjygyň. Eje, bu dogtarmy, biz dogtara geldikmi!? Ýok bu ýere gelmäli, gideli, seňem, meňem janymyz sag ahyry. Eje men gorkýan. Eje sen dogtara aglap nämeler diýýäň!? Nämçün beýle ýatýaň? Eje ol erbet dogtar, oň pikiri niýeti gara men duýýan. Ýok, sen meni aýyrjak bolýaňmy? Ýok beýtme, beýle bolmaz. Men seniň bölejigiň ahyry jan ejem. Allajan maňa "ýerde perişde bardyr, oň ady ejedir" diýipdi ahyry. Sen meni goramaly ahyry, tersine ýok etmelidälä. Eje meň günäm näme!? Beýtme, men ýaşaýyn. Bolýa, ýalňyşypsyňyz, gahary menden çykarmaň ahyry. Dur eje, beýtme, men saňa söz berýän, men iň gowy, iň owadanja, ajaýyp hem akyllyja çagajyk bolaryn. Seň bilen bileje ýatyp seň bilen bileje begenerin. Dur ejeee beýtmäýdä. Haýşt edýän. Ýanym bilen jennediň ysyny getirerin ynanaý maňa ejemjan janym ejem. Ejem ulalamsoň egniňden galdyraryn, garranyňda söýeg bolaryn. Beýtmäýda haýşt edýän beýtme beýtme. Goý men dogulaýyn, bu dünýäni göreýin. Eje bu dogtar meni öldürer, ondada gorkuňç edip öldürer. Ilki aýajyklarym, soň eljagazlarym, göwräm hem kellejigim bölek-bölek bolup eräp akyp çykar. Bu dogtara beýtme diýäýdä. Saklaýda. Hiçkim bizi aýyrmasyn ejemjan. Biz hiç-haçan görüşmejegimizi gözöňüňe getir janam ejemmmmjan. Nämçün meni ýigrenýäň? Wah käbäm, bu edenleriň bilen ALLANYŇ öňüne nädip barjak!? Menden razy bol!

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir