Iň uly balykgulak.
 Iň uly afrikan ullakan balykgulak  (Achatina achatina).  Olaryň  iň ulusynyň uzynlygy kellesindrn guýrugynyň ujuna çenli  39,3 sm-a ýetdi.  Gabynyň uzynlygy 27,3 sm, Balykgulagyň agramy takmynan 900 gram.
 Iň kiçi küşt.
 Los Anjelesde ýaşaýan ermeni zergäri Ara Gazarýan dünýädäki iň kiçi altyn küşti  döretdi.
 Önümiň umumy agramy 6,5 gram.
 Iň kiçi çöpi 2 millimetr ululygy bolan lombard, iň ulusy 4,8 millimetr şalar, küşt tagtasynyň ululygy 15x15 millimetr.
 Patyşa heýkeljikleriniň täçlerini aýryp hem bolýar, käbir çöplerde hatda göwher hem bar.
 Iň ýaş uçarman.
 Iň ýaş pilot, He Ide atly bäş ýaşly hytaýly oglan hasaplanýar.
 Nankinde ýaşaýan rekord eýesi ýeňil uçary özbaşdak  35 minutlap dolandyrdy
 Iň uly gapyrjakly işbil .
 Atlantis, “Palm” we “AmStur” kärhanalary tarapyndan öndürilýän agramy 50 kg bolan gapyrjakly gara işbil dünýäde iň ulusydyr.
 Iň semiz adam.
 Meksikaly Huan Pedro Franko 590 kg agramly dünýädäki iň semiz adam.
 Iň gymmat ykjam öýli awtoulag.
 Awtoulag, umumy meýdany 300 inedördül metrden gowrak 12 metrlik awtoulagdyr.
 Awtoulagda 511 at güýji bolan alty silindrli hereketlendiriji bar.
 Awtoulag korpusy altyn bilen bezeldi.Bu ykjam öýiň 2nji gatynda gün  we howa wannasyny almak üçin terrasalar hem bar
 Bahasy 3 000 000 dollar.
 Tozan sorujylaryň iň uly ýygyndysy.
 Angliýanyň Nottingem şäherinden bolan 33 ýaşly Jeýms Braun tozan sorujylaryň muzeýini açdy.
 Ýygyndysynda  322 modeldan köp tozansorujy  bar.
 Iň uly gitara.
 Dünýädäki iň uly gitara.  Uzynlygy 13m 30 sm, ini - 5m 2 sm, agramy - 907 kg.
Ginnesiň rekordlaryndan
- 
                Ahmedik_97
                4 years ago
                
- 19.12.2020 7:31
Ahmedik_97 4 years ago- 590 kg adam gaty agyr eken...
 
 
 
 
Boyum 200 sm,
Agramym 75 kg,
590-75=515 kg.
Menden 515 kg agyr eken...