Gün nayza boyy boluberende köprinin aşagyndan dali porhan bolup akyan deryanyn yüzündaki öwüşgünler gözüni alyp baryardy.Şol öwüşgünlerin birine köprinin edil gyrasyndan yalpyldap gelen damja ‘jülp’ edip bat bilen urdy... Köprinin üstünden yadaw ayak sesleri eşidildi we niradir biryerlere tarap azalyp gitdi.. Daş töwerekde ayakçydyr sineklerin sesleri diyaymesen ses üyn yokdy,günem yaşyberipdi,deryan yüzi gyzgynjakdy we gitdigiçe goyalyardy... Suwa degen badyna batly tolkunlar ony eyla beyla zynmaga başlady,gamgyndy 25 yyllyk ajy,süyji hemme wakalardan azajyk ondada bardy,indi bolsa duzly suwa garyşyp gitjege menzeyadi... Eyesi ony şol yere zynyp gidipdi,yöne ol eyesini diysen söyyadi.. Düşen yagdayyna diysen gynanypdy...Wakalar birin birin gözönünden geçdi.Tanyşan günleri,1.gepleşişleri,gözleri,gözlerinin içindaki yylgyryp bakan suwy,gala deyin gabaklary,owadan kirpikleri... Eyesi begenip aglandada yanyndady,gülendede.Bu gün bolsa ‘Ol başgasyna bolyar diyipdir ’ sözüni eşiden gününde eyesi ony taşlapdy.Eyesine diysen agyr gelipdi,ilki işdaki stolynyn üstüni dyr pytrak etdi,son öz sumkasyny alyp içini çöwürdi,onam alyp zyndy.Birhili sesler çykaryp 2 eli bilen saçlaryny yolmaga başlap köça ,yola çykypdy.Yaraly yolbars dey yol yoda seretman niradir ümzügini tutduryp gidip başlapdy we köne demir köpra yetende ayak çekip 1 hayuk suwa seredipdi.Gynançdan,gahardan elleri titraberende,gözleri doluberende onada gezek gelipdi... Bulary yatlap durka agzyna öz tagamyna kybatdaş tagam aldy birden,golayynda öz ysyna çalym etyan ysam bardy,ujypsyzjady emma yylylygam alyp başlapdy,denşirgenip seretdi eylesine beylesine.Zalym tolkunlaram may berenokdy,demini alman dinledi,belki ses eşiderin diydip pikir etdi,suwun içine çümdi çykdy,hiçkim yokdy,özi hem yadapdy we suwa yuwaş yuwaşdan garyşyberipdi... Birdenka suw tümmejiklerinin üstünde 1 yşarat gördi,tanyş bir yşarat,golay barmak üçin ysgynsyz gollaryny tolkunlara uzatdy,akdy,golaylady... Gördi... Gyzgyny yany gitmage başlan edil öz agramy bilen den başga bir göyaşyny gördi,batly batly yüzüp gollary bilen ony gurşap aldy,özüne çekdi.. Çekdi we galan göwresini suwdan sogrup aldy,eli bilen uzyn saçlaryny arka yatyrdy,yüzüne seretdi we gözlerinden umyt yşyklary parlady... Tapdy,tapypdy,öz derdi bilen deneçer dertli,yyllaryn agramyndan 1 bölegini,begendi we yokaryk eyesinin giden ugruna seretdi. Eyesi kellesinini aşak egip çalajan adimler bilen yörap baryardy,çala eginleri görünyardi... ‘’Ylga’’ Diydi. ‘’Olam uzakda dal,ylga taparsyn,sen giden ugruna gitdi belkam önünden baryandyr,kellani galdyryp esetsen besdir!’’ Sonam yylgyryp: ‘Bizem tanyşdyrrarsynda’diydi. Tazeden güyç gelen gollary bilenem yaryny makam gujaklady,kenara tarap yüzmage başlady

Köneler, el_mariachi tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir