Soňky döwürde oglan bilen gyzyň dostlugy örän köp göze düşýär. Bilemok, bu meselä gyzlar nähili seredýär, yöne ilki bilen akla gelýän sorag şu:
- Oglandan gyza, gyzdan oglana dost bolup bilermi?
Men bu yagdaýlary käbir görnüşlere görä analiz etjek.
Oglan gyz bilen ilki tanyşanda birbada söýüşeli diyip bilmänsoň we soň ol gyzdan halas bolasy gelen wagty özüne gaçmaga gapy goýmak üçin dostlugy saýlayar. Gyzlaryň hemmesi diyen ýaly bu teklibe razy bolýar.
Oglan bn gyzyn dostlugynyň pes ähtimally bolmagynyň başga bir sebäbi, adam nebsiniň gulydyr. Mundan gelip çykyp, ol dosty hem bolsa yanynda duran gyza belli bir parametrler tarapyndan ony gyz ýerine goýup seredýär we bu aragatnaşygyň dostluk çyzgysyny geçmegi gaty uly ähtimal.
Gyzlar köplenç dost diyip ylalaşan oglanlaryny halamaga we soňra oňa nädip söýýänini aýtmaga ýol gözläp başlaýar we her dürli derde girýar. Gynansakda, duýgy erkeklerde gyzlardaky yaly aňsatlyk bilen orta çykmaýar we oglanyň bir gyz üçin aglanyny hem-de gyzyň oglan üçin aglaýşyny görmek bize kyn ýagdaý bolsa gerek. Onsoňam, dost hemme syrlaryny paylaşylýan syrtyn yere düşende kömek etjek bir yakynyň. Emma gyza oglan hemme meselede kömek edip bilmez. Käbir gyzlar bolaýmasa, galanlary hemme zadyny oglana açmaga hökman utanaymaly. Oglanlarda-da şeyle.
Şonuň üçin oglana oglan in gowy dost, Gyzlara-da gyz in gowy jora bolup biler. Bu adamyň ýaradylyşyndanda bar bolan zat. Fiziki we biologiki şertler şuňa getirýär. Ýöne, oglanlara maslahatym gyzy çenden aşa köp ýakmajak derejede ýakmazlyk şerti bilen tanamak üçin dostluk bahanasyny ulanyp bilersiniz.

Toplan ýetiren - Perhat Sabirovv

Bilim, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir