Käteler ýürek özüniň barlygyny bildirjek bolup, adatdaky urşundan işjeň-
leşýär welin, endamyňda ne ýyly, ne sowuk, garaz, kesgitleme berip bol-
maýan özgeriş ondan-muňa öwsüberýär. Eltelefonyňa jaň geljek bolanda 
zenzele döredişi ýaly, ýüregiň tolgunma duçar edýän düşnüksiz gürpüldilere 
düşüberse, diýmek, hyýalyňdaky bagtyň golaýjygyňa gelip bir salym süýkendigi 
eken. Şeýle pursatlary ykbal käte ynsan oglunyň hut aýagynyň aşagyna çenli 
iterýär welin, ana, şonda biz tekiz ýolda hem büdräp gidýäris-de, öz-özümize 
haýran galýarys... 
* * *
Şäherden oba ugraýan awtobuslaryň duralgasyna barýan Guwanç, obada 
ýaşaýan atalaryna baranda eli boş barmazlyk üçin odur-budur alyşdyrmak üçin, 
duralganyň golaýyndaky bazara sowuldy. Özüne gerekli harytlaryny synlap bar-
şyna, garşysyndan gelýän gyz bilen çaknyşdy. Ol: «Bagyşlaň, bagyşlaň!» diýdi-de, 
gyzyň ýüzüne-de seretmän ýöräberdi. Bagyşladymy, ýokmy, bu pikir oglanyň 
kellesinde dörejegem bolmady. Şeýdip, ol bazardan geregini alyp, obasyna ug-
rajak awtobusyň ýanyna geldi. Guwanjyň öňünde duran gyz gapdalyndan gelen ýaşulyny geçirmek üçin bir ädim yza tesende, onuň aýagyny basdy. Gyz yza öw-
rülibräk ötünç soranda, telefonda gürleşip duran Guwanç: «Zyýany ýok, zyýany 
ýok!» diýip dillendi. 
Awtobus şäherden çykyp, oba barýan uly ýoly külterläp başlady. Ýoluň ýakasyn-
daky tutlar we ak derekler awtobusyň içindäki şowhundan gaçýan ýaly, yzlygyna 
zymdyrylyp barýardy. Sürüjiniň arka tarapyndaky tersligine bakdyrylyp goýlan 
oturgyçdaky gyz awtobusyň aýnasyndan daşaryny nebsewürlik bilen synlap 
barýardy. Onuň mähirli ýüzi, gülüp duran gözleri, şapak deýin öwşün atyp duran 
ýaňaklary ýaşlyk terligi bilen utgaşyp, özge bir gyzda gaýtalanmajak owadanlygy 
mazamlaýardy. Awtobusyň käwagt silterlände syýa kimin saçlary gyzyň ak ýüzüne 
düşýärdi. Gyz ýüzüne düşen saçyny barmagy bilen ýene-de gulagynyň arkasyna 
geçirýärdi we awtobusyň içine käte bir nazar aýlaýardy.
Awtobus uly ýoldan obalaryna gidýän ýola sowlanda, Guwanç yzda duran 
ýerinden ilkinji gezek gyz maşgalany görýän ýaly, şol owadan gyza galpyldy bilen 
seredýärdi. Ýüregi bolsa ýagydan ürken towşanyň ýüregi kimin «dük-dük» edip 
durşuna, ol gyz bilen nädip tanşyp boljagy hakynda pikir edýärdi. Birdenem, onuň 
asuda hyýallarynyň içinden aladanyň sowuk şemaly köwsarlap geçdi: häzir ol bir 
ýerlerde düşüp galar, düşen obasy belli bolsa-da, onuň adyny bilmese, nädip tap-
jak ony?
Awtobusyň birden durmagy bilen hyýal asmanynda gaýyp ýören Guwanç 
bilen ýene bäş-alty adam yzda duran ýerlerinden tas awtobusyň öňüne çenli 
güsürdeşip geldiler. Entegem her kim eli ilteşen tutawaçlardan tutup ýetişdi-
ler. Hälki owadan gyz awtobusyň gapysy açylandan, alkymyndan uran şowuk 
şemala ýaýylan saçlaryny galgadyp düşüp gitdi. Intizar gözlerini gyzyň ýoluna 
dikip duran Guwanjyň ýüregi awtobusyň ýapylyp barýan gapysynyň arasynda 
galan ýaly gysyldy.
* * *
Günortanlyk çaýdan soň Guwanç atasy Nuraly aga bilen kärende ýerlerine 
gaýtdylar. Bugdaýy täze ekilen kärende ýeriniň täze çekilen çilleriniň kesişen 
ýerlerini sapyşdyrdylar. Esasy okýaba gelýän suwuň böwedini açdylar. Okýap do-
luberende Nuraly aga Guwanja suwy ýapmagy tabşyrdy. Piliniň sapyna söýenip 
duran Guwanç:
— Ata, atyza açjak dälmi suwy? Ony näme üçin ýapaýyn?!— diýip dillendi.
— Okýaby «suwdan bişirmeli».
— «Suwdan bişirmeli-i?!».
— Hawa. Häzir suwy ýaparsyňam welin, bir sagatlardan okýap suwy sorup 
alar. Onuň iki ýan çilindäki topragyň arasyndaky ýumruk ýaly, ýumruk ýaly ke-
sekler yzgar çekip bir-birlerine ýelmeşerler. Ana, şo-da okýabyň suwdan bişeni 
bolýar. Onsoň onuň niresinden «gulak» açsaň açybermeli. Eger ony bişirmän 
atyza suw açsaň, suw iri keşleriň arasyndan özüne ýoljagaz tapar welin, iş kö-
peliberýär soň. 
Nuraly aga şäherde ýaşaýan agtygyna daýhançylygyň tärleri hakynda gürrüň be-
rip oturyşyna wagt ep-esli boldy. Olar okýabyň ýerli-ýerinden tebsiräp duran atyza 
suw açdylar. Suw birsydyrgyn akyp başlaýança garaşdylar. Okýap-da mazaly bişipdir. 
Nuraly aga atyzyň gyrasyndaky raýyşyň eteginde biten gyzylbeden ýylgynyň galam 
ýaly şahajygyny döwüp aldy. Ony okýabyň çiline — suwuň çykyp duran beýikligine 
sünçdi. 
Ataly-agtyk ikisi agşamlyk naharyny irgözinden edinip, ýene-de kärendesine — su-
wuň başyna gelip, hälki — okýabyň çiline sünjülen çöpüne seretdiler. Bir ýarym sagat 
aralykda suw bellik üçin sünjülip goýlan çöpden dört barmak boýy ýokary galypdyr. 
Nuraly aga suwuň derejesiniň üýtgäp durandygyny gördi-de, gijesi bilen suwuň ýa-
nynda bolmaly diýen karara geldi. Guwanja bu karar geňräk boldy.
— Ata, öýde ýatyp, wagtal-wagtal habar tutup gitsek bolanokmy? Agşam sowuk 
bolsa, gijesi bilen nädip bärde boljak?!
— Bölünip duran ukudan teý uky bolarmy, balam?! Ol endamyňa rahatlyk 
bermän, tersine agram salýar. Kelläňe gum dykylan ýaly bolup, bir-iki gün aýňa-
lyp bilmän gezersiň. Iň gowusy, şu gijäni ukusyz geçirip, kärende ýerimizi suwlap 
bolaly, onsoň arkaýyn dynjyňy alybermeli bolar. Ekişden soňky birinji suw iň mö-
hüm suwdur, balam! Gereginden artyk suw giräýse, olam uzak wagtlap siňmän 
dursa, onda tohumlary suw çüýredip biler. Şoň üçin şu suwda seresaplygy elden 
bermeli däldir.
* * *
Zemin üstüne gara şalyny çekipdi. Gündogardan öwüsýän mylaýym şemala ýap 
boýundaky petdeleriň ýapraklary şelpe kakyp durdy. Şortak ösümliginiň odunyn-
dan ýakylan ot alawlap ýanýardy. Zeminiň bir ýan ýüzüni tyllaýy nuruna ýuwup 
tirsege galan Aý eýýäm dik depä çenli gelip ýetdi. Bu ýagtylykda kesegatym aralyk-
daky kişiniň hem kimdigini tanap boljakdy. Petdeleriň şabyrdaşýan ýapraklarynyň 
altynsöw reňki mesaňa görünýärdi we ol tyllaýy öwşün atýardy. Şemalyň birneme 
peselen wagty golaý-goltumdan çybyn-çirkeýleriň wyzzyldyly sesleri içgysgynç 
ýaýraýardy. Zeýkeşdir ýaplardaky gurbagalaryň warryldawuk sesleri tomusdaky 
ýaly üznüksiz däldi. 
Guwanç alawlap ýanýan otdan nazaryny sowdy-da, daş-töwerege syn etdi. Ol ata-
synyň ýanyna süýşübräk dillendi.
— Ata, ho-ol gapdaldaky kärendede suw tutup ýören aýal maşgalamy ýa dony 
barmyka ol kişiniň, ýanynda-da biri bar. Ho-onha atyzyň aňyrky başynda. 
 Nuraly aga Guwanjyň salgy beren tarapyna siňe seredip jogap berdi:
 — Hä-ä, omy, hawa, hawa, aýal maşgala. Ol Sümmül gelindir, ýanyndaky-da gy-
zydyr. 
— Näme, onuň ýanýoldaşy ýokmy? Gorkanokmykalar olar şu wagt suw tutmaga?
— Gorkar ýaly näme bar bärde? Onuňam ýanýoldaşy seniň kakaň ýaly polisiýa 
işgäri. Belki, onuňam nobatçylyk günüdir bu gün. Ýogsa-ha Altybaý işden gaçjak ýi-
gitlerden däl. 
— Ogly-da ýokmy olaryň ata?
— Ogly bar, ol entek kiçijek. Bolsa, iki ýa üçünji synp bolaýmasa. Şonuň üçin uly 
gyzy bilen bile suw tutmaga gelendirler.
— Onda işiň agyry Sümmül gelnejäň boýnuna düşýär-dä?
— Sümmül gelin bular ýaly zähmete taplanyp gidipdir. Näme diýsene, balam, 
sen ýaňky görkezen ýerlerime göz-gulak bolup dur. Men atyzyň o başyna gidip çilleri 
gözden geçirişdireýin.
Nuraly aga rezin ädigini aýagyna sokdy-da, pilini gerşine atyp, çilleri ýakalap baş-
lady. Guwanç suwy gözden geçirişdirip, ýene-de oduň başyna geldi. Ol göreçlerini bir 
nokada dikdi-de, içki oýlanmalara berildi: «Mundan beýläk boş wagt tapdygym oba 
gelip, atama kömekleşmeli.
Öňümize gyzgyn çörek gelende, çörek üçin ejemiň hamyr ýugurmasy, tamdyra ot goýberip ýüzüňi ýalap barýan güýçli howurda nan ýapmasy göz 
öňüme gelerdi. Görüp otursam, bu zähmetler taýyn önümiň iň soňky hysyrdy-
lary eken. Bugdaýy üwemäge gezek gelinçä gör, näçe iş tapgyr-tapgyr bolup 
ýatyr: daýhanlaryň ukusyz gijeleri, irginsiz, üznüksiz zähmetleri. Bular hakynda, 
näme üçindir, öňräk pikir etmedimkäm?! Tohum ýere düşenden, tä-ä ösüp, ula-
lyp orulýança daýhan görgüli gyşyň aňzagyna, tomsuň epgegine döz gelmeli. 
Bugdaýy oransoňam näçe adamyň zähmeti ýatyr. Baý-bow-w, pikirlendigimçe 
süýnüp barýa bular. Asyl, bugdaýy ormak üçin edilýän aladany diýsene. Birje 
kombaýny çykarmak üçin, näçe adamyň zähmeti ýatyrka? Agrotehniki işler, 
tehnikalar, däne üweýjiler-elewatorlar... Baý-bow-w, onsoň nädip ýüzläp-ýüz-
läp adamyň zähmeti siňen çörege mukaddes diýmejek! Bular ýaly zatlar hakda 
pikirlenmäge ýekelik we ümsümlik, gör, nähili möhüm eken. Daýhanlar gije-
gündiz hysyrdyda. Sagat gije üç bolup gelýär».
Pikirlere çümüp barýan Guwanjy ýeliň ugry bilen gelýän mylaýymja zenan hiňlen-
mesi diňşirgendirdi. Bu ýakymly ses oglanyň ýüregini ýakymlyja gyzdyryp goýberdi. 
Ol gapdal kärendede suw tutup ýörän zenan maşgalanyň sesidi. Guwanç daşyndan: 
«Be, Sümmül gelnejäniň ylhamy joşýar öýdýän» diýip ýylgyrdy-da, pilini alyp ýene-de 
suwdan habar tutmaga turdy. Ol aýlanyp geldi-de, uly ýabyň belent raýyşyna çykyp, 
mahmal gijeligi synlap başlady: ýyldyzlar, tutuş Zeminiň ýeke-täk çyrasy bolup duran 
Aý, adaja öwüsýän gijäniň şemaly, bularyň bary adamlaryň gijeki ukusy sebäpli, iň az 
synlanylýan täsin gözellikdi. 
Magallakdan jyklan Güneş ýaly bolup, onuň hakydasyna başga bir duýgy öwüşgin 
çaýdy. Ol gündiz awtobusda duşan gyz hakyndaky duýgudy. Guwanç ýene-de daşyn-
dan seslendi: «Şol wagt awtobusdan düş-de, eň diýsene gyzyň yzyndan, iň bolmanda, 
onuň salgysyny bir bilerdim... Şol diýip atygsaýan ýüregimiň her bir urgusy oňa ýene 
bir gezek duşursady!».
* * *
Gün ýerden simagaç boýy saýlananda Nuraly aga agtygy bilen bugdaýa suw 
tutmagy dyndym etdiler. Uly ýabyň aňry ýüzündäki gumak ýolda maşyn gelip 
durdy. Ol Nuraly aganyň gijeki nobatçylygyny tabşyryp gelen körpe ogly Bäşim-
di. Guwanç bilen Nuraly aga uly ýabyň üstüne geçelgelik üçin keseligine goýlan 
ullakan toraňňynyň üsti bilen geçip, pil-kätmenini maşynyň yzyna atdylar. Maşyn 
yzyna öwrülip, ýuwaşjadan gijäniň çygy siňen gumak ýola goýup gelen yzy bilen 
ekinzarlykdan ýene oba ugrady. Guwanç maşynyň aýnasyndan suwarylan meý-
dany synlap barýardy. Ol uly ýabyň belent raýyşyna çykyp, kärendesiniň suwuny 
synlaýan zenany görüp, içinden seslendi: «Tüweleme, Sümmül gelneje-de suw
tutup boluberipdir». Maşyn gabadyna gelende ýaglylygyny düzedişdirip duran ol 
zenan emaý bilen yzyna — ýol tarapa öwrüldi-de, Nuraly agalara baş atyp, edep 
bilen salam berdi. Guwanç onuň ýanyndaky gyzyň bolsa awtobusdaky gyzyň ýü-
züdigini tanap galdy...  
Akmyrat JUMAÝEW  
Garagum žurnaly. 12.2019-njy sany. 84-87-nji sahypa.
