OWADAN

Sen owadan,
owadan sen,
owadan,
Peri-peýkerdenmi,
Hüýrdenmi, aslyň!?
Seni gören bendäň bagty oýanar,
Seni gören bende ýitirer aklyn.

Ýaňy dogan Aýdan,
gyýkmajyk Aýdan
Seniň gaşlaryňa düşüpdir kölge.
Heser bile bulduraýan dideleň,
Garamyk gözleriň yşykdyr köňle.

Ýaňaklaryň aly—
säheriň agy,
Ysgadygyň melul eder ysyna.
Çalaja çyzylan gyrmyzy lebleň
Janym alýar meňzäp posaň yzyna.

Lal biçäre seni görse dil açar,
Dilli lal bor: owadan sen, owadan!
Saçlaryň goýberseň çeşme deý akar,
Göwherden jyga ol
Başa orasaň ...
☆☆☆

A sen edil didäň ýaly owadan,
A sen edil nazaryň deý jadyly.
Gündizlerne nagra dartyp oýanam,
Gijelerne samrap gezýän adyňy.

Bir bakaňda gaýry dünýä geldim men.
Bir bakaňda şol dünýäden geçdim ýar.
Seret, bagtdan ýaňa iki boldum men:
Ala gözleň her birinde keşbim bar.

A sen edil sesiň ýaly eýjejik,
Howamyň sen, owazmyň sen, nurmuň sen?
Otdan alyp, suwa salyp, keýp edip,
Saçlaryň deý towlanjyrap dursuň sen!

Gara gözleň başym aýlaýar—uçut,
Endireýän mämeleriň—howsala.
Gaşlaryň kakdygyň—gitjek sen uçup,
Bagryňa bas, men uçýaryn ýogsa-da...

Neneň gazal okamaýyn suwjaryp,
Neneň lowlap ýanmaýyn men heserde.
A sen edil lebleriň deý ýumşajyk,
A sen edil mämäň ýaly tes-terje.
☆☆☆

OWADAN GYZA

Neneň anjaýyn sen,
neneň sen eziz,
Neneň owadan sen gözleri humaý!
Seni ýaradanda gapyrga bilen
Bilmän ýüregimem alypdyr hudaý.
Ýok, seni islegne, söýgüsne görä
Saçlaryňy ýelden,
kamatyň gülden,
Kalbyňy säherden,
sesiň çeşmeden

Ýaradypdyr ynsan!
Geçýärin güwä!
Eger taňry seni ýaradan bolsa
Ýa-ha bir ýalňyşlyk goýbärdi hökman,
Ýogsa-da bendesne görmezdi rowa!..
☆☆☆

EÝJEJIK GYZA

Sen bagtly bolardan jüda owadan,
Sen bagtly bolardan juda eýjejik,
Juda näzeninje...
Seniň ýanyňa
Hatda bagtam gelebilmez eýmenip.

Asmandan zemine inen melegim
Melul bolma göwnüň gama berip sen.
Saňa bagty nämä gerek pelegiň?
Söýgüden owadan,
Bagtdan beýik sen!

Bagtdan gaýry bütin dünýä seniňki,
Sen ony agtarma perýat eýleýip.
Sen bagtly bolardan juda owadan,
Sen bagtly bolardan juda eýjejik...
☆☆☆

EZIZIM MENIŇ

Labyr-labyr ýanýar geýen köýnegiň
Bir desse ýalnym sen
Ýandyryp gelýäň.
Golaýlaşsam, gümana däl köýjegim,
Daşlaşsam, aýazyň elinden ölýän.

Ýanaýyn goýnuňda, ýaňagy alym,
Ýaşlyk bizi yşkyň üstünden ertdi.
Ýylat sen ykbalym,
Samraýanmy men?
«Dert zyýat bolmasa, samramaz dertli».

Süýş golaýma, goý, gamaşsyn gözlerim,
Gapylsyn gulagym,
Derkar däl dilem.
Meni örtäp aýtman ýören sözleriň
Çöpläýin lebiňden dodaklam bilen.
☆☆☆

ALBOMA

Sen düýşüme girdiň pynhan syrly gyz,
Huş başymdan uçdy
Hem aýlandy ser,
Hem aýlandy Ýer.
Soň men seni goýbermedim yzyňa,
«Ýer aýlansa,
öýüň özi hem geler».
Humar bolup ak alkymyň ysyna,
Aýlandy ser,
aýladyň sen žahany.
Galileý açandyr Ýeriň aýlanşyn
Ýa-ha söýüp,
Ýa-da serhoş mahaly.
☆☆☆


SUW DAMDYRÝAŇ AGZYMA

Eý, tula!
Edil ýylan ýaly jadyly tula
Mawy gözleň oýnakladyp geldiň-de
Ygtyýarym alyp,
öwürdiň gula.
Pagta bilen damagymy çaldyň sen,
Ne jan berdiň,
ne janymy aldyň sen,
Ne gulak salýarsyň meniň arzyma.
Sen ganymy sorup,
öldüm-öldümde
Pagta bilen suw damdyrýaň agzyma.
☆☆☆

IKIMIZ

Seniň aslyň otdan,
toprakdan meňki,
Sen owsun atýarsyn,
a men çalajan.
Meniň geçmişim bar,
gelejek—seňki,
Sen-ä hanym,
men günüme talaban.
Sen meniň ýülügmi sorarsyň, keýgim,
A men bally dodagyňdan soraryn.
Meniň gursagymda galypdyr meýlim,
A sen girewine ömür soradyň.
Sen zeminiň Gün taýynda doglupsyň,
Men garasyn görmän hatda Aýyň-da
Doguldym zeminiň gije taýynda.
Reňksiz telewizor meniň gözlerim,
Seniňki reňkli.
Şindi seniň ýaly magşuk görmedim:
Sen hem düşek,
Sen hem kepen taýyn-la!..
☆☆☆

ÇEMEN
(Degişme)

—Sen nähili ýigdi halaýaň, Çemen?
—Heý tapýan soragyň gursun, ýerçeken!
—Sen nähili ýigdi halaýaň, Çemen?
—Ýokmy seniň jinnek ýaly utanjyň.
—Sen nähili ýigdi halaýaň, Çemen?
Walla, maňa jogap berseň utarsyň.
Sen nähili ýigdi halaýaň, Çemen?
...—Orta boýdan uzyn bolsa azajyk,
Salyhatly bolsa, talantly bolsa,
Bilse eger il içinde at alyp.
Alçak bolsa,
sahy bolsa ol hemem...
—Oh-o! Beýle bolsa, meni sypdyrma, Çemen!

* * *
Iň ajaýyp şygrym ýazylman galar,
Sebäp, iň gowy gyz duşanok häli,
Sebäp indi duşanda-da giç bolar.

Iň ajaýyp syrym ýaýylman galar,
Sebäp dostlarym-a ýuka ýürekli,
Sebäp, duşmanlarym juda birehim.

Kalbymyñ senasy (Goşgular we poemalar) Nobatguly REJEBOW.
Dekabr.2020

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir