“Romanyň” türgenleşik bazasynda Ikinji jahan urşundan galan snarýadlar tapyldy
“Romanyň” türgenleşik bazasynda Ikinji jahan urşundan bäri ýarylman galan snarýadlar tapyldy diýlip, italýan futbol klubynyň Twitter sahypasynda habar berilýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

“Bular ýaly waka her gün bolup duranok... Trigoriýadaky bazamyzdan Ikinji jahan urşy döwrüniň snarýadlaryny üstünlikli ýok eden italýan goşunyna we sapýorlar toparyna minnetdarlyk bildirýäris” – diýlip, “Romanyň” habarynda aýdylýar.

“Footbal Italia” neşiriniň habar berşi ýaly, snarýadlar täze türgenleşik meýdançalarynyň gurluşygy wagtynda tapyldy. Gurluşyk togtadyldy, “Romanyň” klub meýdançasyna minalary aýyrmak boýunça hünärmenler çagyryldy, olar 20 sany ýarylmadyk snarýadlary tapdylar. “Romanyň” futbolçylarynyň bazanyň başga bir ýerinde bolandyklary sebäpli türgenleşigiň bes edilmändigi bellenilýär.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir