Bir är-aýal çagalary aňmaz ýalak söýüşjek wagtlary "Ýör atyşaly" diýip parol ulanýan ekenler. Birinji gezek aýaly atyşaly diýýä, daş edip gelýärler. Aýaly ýene bir gezek diýýa, ýene hem daş edip gelýärler. Üçünji gezek aýaly atyşaly diýen wagty, ysgyndan gaçan äri "Ana tüpeň, ana ok. Özüň oklap atyber." diýýämiş

Owalam biri poýezdli Marydan Tejene ugrapdyr. Ol prowodnige şeýle duýdurypdyr:
- Inim gaýrat etde meni Tejende düşür, ýöne men ukyma agyrdyryn, turmasam garşylygyma seretmede düşürip goýber diýipdir. Soň ýolagçy ýerine geçip ýatjak bolanda, ýokardaky ýatan:
- Dost gaýrat et ýeri çalyşalyla, men ýokarda ýatyp bilemok diýýär.
Soň ol hem:
- Aý prowodnigiñ özi tanarda diýýärde ýerini çalyşýar. Soň wagt geçip gözüni açyp oýansa eýýäm ýolagçy Aşgabada gelen eken diýýär. Muňa gahary gelen ýolagçy prowodnik bilen tutda-bas bolýar. Bulañ gohuna adam bary üýşýär, şonda prowodnik şeýle diýýär:
- Bu dagy nämejik, agşam Tejende düşürenmiň gohuny gör düşmejek bolup baý bir azar berdow.

Bir alkaş ölüpdirmişin. Soň o dünýä barypdyr welin oňa jennediň gapysyndan eltipdirler welin ümsümlik ýermişin. Soň dowzahy görkezipdirler welin gapyň agzynda birgiden özi ýaly alkaşlar hezil edip arak içişip otyranmyşyn gülüşip. Ol alkaşam derrew:
- Men şu ýerde galjak – diýipdir, welin onuň ýeňsesinden depip göni odyň başyna geçiripdirler işletmäge. Soň ýaňky alkaş diýýärmiş:
- Bu nä boluş hany ýaňjyga siz arak içip otyrdyňyza!
- Hä olmy ol diňeje reklamasydy diýipdirler.

Parklaryň birinde öýsiz bir bende otur diýýär. Aýagynda-da bir taý köwüş. Geçip barýan rehimli garry ene soraýar:
Näme, janym, köwşüňi ýitiräýdiňmi?
- Ýok, Daýza jan! Köwüş tapdym!

- Samsyk diýip kime diýýäler?
- Bir adama bir zatlar düşündirýäň, düşündirýäň, olam hiç zada düşünenok. Ine şeýle adamlara samsyk diýilýär. Düşündiňmi?
- Ýok

Söýgi näme?
Söýgi - bu iki sany samsygyň üçünjä garaşmagydyr.

Ýüregiň dermany walidol,
Aragyň zakusgasy pamidor,
Eger öýe giç geläýseň,
Ýatjak ýeriň karidor.

Degişmeler portalyndan toplan - Perhat Sabirovv
Bellik - Mowzugy başga saýtlarda paýlaşmak gadagan!

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir