Gök kit dünýäde iň uly süýt emdirjidir.Ene kitiň uzynlygy 33 metre,agramy 190 tonna barabar.Täze bolan kit çagasynyň uzynlygy 7-8 metre,agramy 3 tonna ýetýär.
* * *
Suwda ýaşaýan haýwanlardan krokodiliň ululygy 8 metre ýetýär.Gurbaganyň iň ulusynyň agramy 3 kilogramdan geçýär.
* * *
Ýeriň ýüzünde ýaşaýan haýwanlardan iň ulusy afrikan pilleri hasaplanýar.Onuň ortaça agramy 5-6 tonna töweregi bolýar.Afrikan düýeguşlary guşlaryň arasynda iň ulusydyr.Onuň agramy 156 kilograma ýetýär.Düýeguşdan soň ululygy boýunça afrikan toklutaýlary we guw-şipunlary durýar.Olaryň ortaça agramy 18 kilogram.
* * *
Ýylanlaryň arasynda iň ulusy,uzynlygy sekiz metrdenem geçýän anakondadyr.Gury ýerde ýaşaýan ýylanlardan torly piton alty metre çenli ösüp bilýär.
* * *
Iň çalt uçup bilýän guş sajan gyrgysydyr.Ýapgytlap uçanda onuň tizligi sagatda 350 kilometre ýetýär.Nil ördekleri hemmelerden ýokarda-17 kilometr belentlikde,polýar ýaşylbaşlary bolsa iň uzaga uçup bilýän guşdur.

Bilim, Waharman tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir