2012-nji ýylda Saharada tapylan NWA 7533 meteoritiniň seljermesi Marsyň 4,4 milliard ýyl ozal suwunyň bardygyny görkezdi. Alymlar tarapyndan geçirilen degişli gözlegleriňwe çaklamalaryň seljermeleri “Science Advances” žurnalynda çap edildi.

Agramy 84 gram bolan meteoritiň, Ýeriň atmosferasyna girmek üçin döwülen asman jisiminiň bir bölegidigi subut edildi. Asman jisimlerini öwreniji alymlar suwuň azyndan 3,7 milliard ýyl ozal “gyzyl” planetada bardygyny bilýärler. Şeýle-de bolsa, NWA 7533-iň ýaşyny göz öňünde tutup, soňky gözlegler onuň düzüminde minerallaryň bardygyny görkezdi. Bu alymlaryň Marsda suwuň öňki hasaplamalardan 700 million ýyl ozal bar diýen netijä gelmegine sebäp boldy.

2012-nji ýylda ýere düşen NWA 7533 meteoritiniň mineral düzümi suwa mahsus okislenmäniň alamatlaryny görkezdi. Bu okislenme Marsyň üstünde suwuň bolmagy ýa-da 4,4 million ýyl ozal bolan zarba netijesinde planetanyň gabygynyň bir böleginiň eremegi bilen baglanyşyklydyr.

2013-nji ýylda alymlar NWA 7533-iň 4,4 million ýyllykdygyny, ony Marsdaky iň gadymy meteoritleriň biridigini kesgitlediler. 2011 we 2012-nji ýyllarda Sahara çölünde Ýeriň atmosferasy bilen çaknyşmagy netijesinde böleklere bölünen meteoritiň iki bölegi tapyldy. Alymlar bu daşlaryň Ýere takyk Marsdan gelendigini aýdýarlar, sebäbi bu asman jisiminiň himiki häsiýetleri Marsda robotlaryň alan nusgalarynyň häsiýetlerine diýseň meňzeýär.

Täzelikler, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir