Gudaçylyk

Türkmen däp-dessurlaryna görä, keseki maşgaladan gyz alynjak bolnanda,
nähili maşgaladandygyny bilmek maksady bilen oglan tarapyndan sawçy iberilýär.
Ol alynjak gyzyň goňşy-golamyndan, olaryň maşgalasyna beletlerden, şol ýaýlanyň
abraýly aksakallaryndan guda bolunjak maşgala hakynda sorag-ideg edýär. Eger-de
çar tarapyndan alynjak gyzyň abraýly maşgaladandygy makullanylsa, onda
gudaçylyga barylýar. Ozal belet ýerleri bolsa, (dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary,
goňşulary…) onda ýokarda beýan edilen sorag-ideg geçirilmeýär, ýagny sähetli gün
guda bolunjak ýere oglanyň ejesi, gelnejesi (umuman, ýakyn hossarlaryndan),
şeýle-de, ýakynlarynyň biri-ikisi saçakly barýar. Şonda garyndaşlyk açmaklyk
maksady bilen gelnendigi duýdurylýar. Gyz ýer tarapyndan çaý-suw berlip,
maslahatlaşylandan soňra gyzyň ejesi: ―Bizem oýlanyşalyň, atasyna, gyzyma sala
salaýyn. Siz hakda, ogluňyz hakda sorag-ideg edip göreliň, ýene bir aýlanyp görüň‖
ýaly jümleler aýdylýar.
Birnäçe wagt geçenden soňra oglan tarapy dolanyp gelenlerinde, gyz tarapyň
razylygy aýdylýar. Şonda (soňky däplere görä) ýaşlary hem duşuşdyrýarlar we
gürleşdirýärler. Ýaşlaryň sulhy alşyp, razydyklary aýdylanda gyza ýaglyk daňylýar.
Toýuň sähedi alynýar. Gyz, ýagny gelin alynmaga bezelen birnäçe maşynlar (köne
döwürde kejebe) bilen gyz tarapa barylýar, muňa il arasynda ―gelinalyjy‖ diýilýär.
Kürteli gyzy almak üçin onuň töwereginde oturan birnäçe garyndaşlaryna, palasdan
düşürmek üçin serpaý berlip, gyz öýden çykarylýar, bezelen maşynyň içine
oturdylýar. Gyz oglanyň öýüne getirilenden soňra nika gyýylýar.
Halkyň arasynda «adaglamak», «dakylmak», «emişdirmek» ýaly däpler hem
bolupdyr.
«Adaglamak» däbiniň manysy biri-birini köp wagt bäri tanap, dostlukly
gatnaşykda bolan maşgalalar ýa-da daşgyn garyndaşlar heniz öz çagalary dünýä
inmänkä öňünden özara äht edýärler. Olaryň haýsy hem bolsa biri özüniň ogly
bolsa, onda dostunyň öz gyzyny nika ýaşyna ýetip kemala gelende şol oglana
bermelidigi barada wadalaşýarlar. Bu ýagdaý dessanlarymyzda köp gabat gelýär.
«Adaglamak» däbi boýunça kämillik ýaşyna ýetende öňünden adaglanan
gyzyň boýnuna ýörite altyn çaýlan bezeg şaýy dakylýar. Ene-ata biri-biri bilen
şeýle görnüşde äht edip, geljekde täzeden emele geljek maşgalanyň durnukly
boljakdygyna ynam döredýär. Sebäbi, uzak ýyllaryň dowamynda biri-biriniň
häsiýetine belet, göwün-göwünden suw içip, dostlukly gatnaşykda bolup, durmuşyň
ýowuz synaglaryny bilelikde öz gerdeninde çeken iki maşgala garyndaşlyk açyp,
dostlugy has-da berkleşdirmäge döwtalap bolýar. Wagtyň geçmegi bilen
«adaglanan» ýaş ýigide we gyza birnäçe ýyl mundan ozal baglaşylan äht barada
aýdylýar. Ähtiň many-mazmuny sada dilde düşündirilýär.
Heniz çaga wagty adaglanan ýaş ýigit we gyz toý tutulyp, nika
gyýylmazyndan ozal biri-biri bilen duşuşyp, pikir alşyp bilýär. Duşuşmak, pikir
alyşmak ýaşlara toýdan ozal biri-birini içgin tanamaga mümkinçilik berýär.
Her bir ene-ata öz çagasynyň bagtly bolmagyny isleýär. Şol isleg esasynda
«adaglamak» däbi boýunça täze maşgalany emele getirmäge döwtalap bolýan ene-
ata käwagt öz ähtinden dänýär. Mysal üçin, heniz mana düşmez çaga wagty
adaglanan oglanyň ýa-da gyzyň haýsy hem bolsa biriniň nika ýaşyna çenli agyr
keseller bilen kesellemegi, seresapsyzlyk sebäpli tene agyr şikesiň ýetmegi,
akylynyň kemter bolmagy bu ähtden dänmäge esas döredýär. Halk arasynda seýrek
bolup geçýän ähtden dänmegiň öňüni almak üçin «adaglamak» däbini çagalaryň
belli bir ýaşa ýetenlerinde amal etmek kem görülmeýär.
«Dakylmak» däbi öz gözbaşyny gadymy döwürden alyp gelse hem biziň
günlerimizde oňa örän seýrek duş gelinýär. «Dakylmak» däbi käbir dawa-jenjelleri,
kemsidilmeleri aradan aýyrýar. Eger-de ikinji gezek durmuşa çykýan gelin hamyla
bolsa, onda oňa nika düşmeýär. Nika gyýýan dini wekil gelniň çagany sag-aman
dünýä indermegini we täze dünýä inen çaganyň kyrk çilesinden çykmalydygyny
aýtmalydyr. Agasy dünýäden gaýdyp, dakylmak däbi boýunça merhumyň inisi
onuň aýalyna öýlenmek islese, onda ol eger maşgalaly bolsa, bu barada öz başdaş
aýalyna sala salmalydyr. Diňe başdaş aýalyň razy bolmagy, ikinji gezek öýlenýäniň
başdaş aýalyna we ikinji gezek nikalaşyp öýlenjek aýalyny jaý we maşgala
durmuşy üçin gerek zatlary bilen üpjün etmäge mümkinçiligi barada kepil geçmeginde nika gyýlyp bilinýär. Ikinji gezek bir adama nika gyýýan din wekili
onuň başdaş aýalynyň öz üstüne aýal alynmagyna berýän razylygyny öz gulagy
bilen eşitmelidir.
Bu däbiň manysy birnäçe erkek dogandan ybarat maşgalada erkek doganyň
aradan çykmagy sebäpli, onuň aýalynyň merhumyň doganlarynyň birine
dakylmagydyr. «Dakylmak» däbi maşgalada birnäçe ýyl ýaşap, nesil daragtyny
ýaýradan gelniň ýat birine ikinji gezek durmuşa çykmagynyň öňüni alýar. Ýagşy
dileg edip, üstünden ak nogul seçilip, nika gyýlyp, açan işigini ömürlik ýapmagyny
islemän, merhumyň hossarlary gelip, ol gelniň garyndaşlary bilen bu mesele
boýunça maslahatlaşýarlar. «Dakylmak» däbiniň many-mazmunyna düşünen gelin,
öz merhum ýanýoldaşynyň doganlarynyň haýsy hem bolsa biri bilen ikinji gezek
nikalaşmaga rugsat berenden soňra, däp-dessur boýunça nika gyýylýar.
Ýanýoldaşy aradan çykan ýaş gelniň ikinji gezek ýat bir ýere durmuşa
çykanda yzy bilen alyp barjak çagalarynyň, ýagny birinji nikadan bolan
çagalarynyň täze barjak ýerlerinde sygdyrylmazlygy mümkin. «Dakylmak» däbi
şunuň ýaly sebäpler bilen baglanyşykly ýüze çykypdyr.
«Emişdirmek» däbi iki sany ýaş çaganyň bir aýal tarapyndan emdirilmegidir.
Sagdyn, çaga emdirmäge mümkinçiligi bolan aýal öz çagasy bilen deň wagtda
dünýä inen çagany emdirse, onda ol çagalara «emişenler» diýilýär, ýagny olara bir
göwrede bile ýatan doganlar ýaly garalýar. Olara nika düşmeýär, çünki bir enäni
emen iki sany çaga jynsyna garamazdan dogan hasaplanýar. Käwagt bu däp heniz
mana düşmeýän wagty emdirilen iki sany çaganyň nika ýaşyna ýetip, biri-birine
öýlenmeginiň öňüni almakda hem ulanylýar.
«Garşa guda» bolmak däbi boýunça ene-ata ogly üçin guda boljak
maşgalasyna öz nika ýaşyna ýeten gyzyny durmuşa çykarmany borç edinýär. Ýöne
bu şertde gyýlan nika köplenç durnukly bolmaýar. Sebäbi «garşa guda» bolnandan
soňra iki maşgalanyň haýsy birinde düşünişmezlik ýüze çyksa-da onuň iki
maşgalanyň hem agzybirligine täsirini ýetirmegi mümkindir. Tersine, munuň iki
tarapyň hem agzybirlikde ýaşamagyna sebäp bolmagy-da mümkin. Ene-ata bu
borjy ýerine ýetirmezden ozal nikadan geçip täze maşgalany emele getirjek ýaşlara
toýdan öňürti biri-birini içgin tanamaga mümkinçilik bermelidir.
Iki gyz doganyň bir maşgala durmuşa çykarylmagy, munda iki sany gyz dogan
iki dogana durmuşa çykarylýar. Beýle nikanyň sebäpleri dürli-dürli düşündirilýär.
Kim ozal bir maşgaladan öz ogluna gelin alyp, onuň hüý-häsiýetiniň amatlydygy sebäpli şeýle nika razy bolsa, ýene birleri iki doganyň hemişe biri-birine ýakyn
bolmagyny isleýär.
Maşgala gurlanda esasy ýigit bilen gyzyň biri-birini sulhy almagy möhümdir.
Her hili ýagdaý bolanda-da şu hakykata uly ähmiýet bermek gerek. Ata-
babalarymyzyň: «Aşy ajygana ber, gyzy aşygyna» diýen pähimini hergiz unutmaly
däl.
Nika gyýlyp täze maşgala emele gelenden soňra, agzybir, eşretli durmuşda
ýaşamak ugrunda yzygiderli aladalanmak bolsa her bir adamyň borjudyr. Täze
emele gelen maşgalanyň töweregini gurşap alýan adamlar we bütin jemgyýet onuň
bagtyýar maşgala öwrülmegi üçin özüniň gymmatly täsirini ýetirýär.

A.NOHUROW 
MAŞGALA PSIHOLOGIÝASY 
(Kitap) I BÖLÜM: MAŞGALA

03.11.2020

Sorag-jogap, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir