Piller segsen ýaşdan ýüz ýaşa çenli ýaşaýarlar.Olar ýedi ýaşyna ýetende guzlaýar.Ýabany piller has hem köp ýaşaýarlar.
* * *
Ýolbarslar duşmançylygy üçin ynsana hüjüm etmeýärler.Olar aç bolanlarynda iýmit üçin ynsana topulýarlar.Eger ýolbars dok bolsa,ýanyndan geçseň hem topulmaýar.
* * *
Bars iň köp uklaýan haýwanlaryň biridir.Ol üç günläp uklaýar.Itiň ukusy bolsa örän azdyr,ol elmydam hüşgärdir.Bars sessiz uklaýar.
* * *
Samyr bilen zemzen,eger-de özlerini ýylan çaksa,ýüzärlik iýmek bilen sagalýarlar.
* * *
Guşlardan ýalňyz ýaşamagy söýýän guş bürgütdir.Topar bolup ýaşamaýan guş durnadyr.Topar bolup ýaşaýan guş käkilikdir.
* * *
Möjek ene-atasy ýanyndaka düýeguşuň çagasyna we ýumurtgasyna hüjüm edip bilmeýär.Eger ony görseler,erkek düýeguş ony kowýar,urkaçy düýeguş hem çaltlyk bilen ony kowalap başlaýar,çagasyny hem erkegine tabşyrýar.Şeýdip,tä möjegi öldürýänçäler hereketini dowam edýärler.
* * *
Toklutaý ýumurtgasyny we jüýjesini janyndan geçip penalaýar.
* * *
Balary erbet ysly ýere barmaýar we atyryň üstünde gonmaýar.
* * *
Eger bürgüdiň bagry agyrsa,towşany ýa-da tilkini asmana galdyryp,olaryň bagryny iýýär we sagalýar.
* * *
Balarylary bir ýere jemlenýärler we edilmeli işleri öz aralarynda paýlaşýarlar.Käbirleri bal ýasaýar,käbirleri mum ýasaýar,käbirleri öý ýasaýar,käbirleri bolsa suw çekýär.

Bilim, Waharman tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir