Laçyndyr bürgüt 2 kilometrden-de belentlikden ýerde ýöräp barýan syçanjygy saýgarýar.
* * *
Žiraf düz meýdanda ýörände 2 kilometrlikdäki zady aýyl-saýyl saýgaryp bilýär.
* * *
Dünýäde öý itleriniň 400 görnüşi bar.
* * *
Günorta Afrikada 20 müňden gowrak pil ýaşaýar.
* * *
Dinozawrlar ,takmynan ,225 million ýyl mundan ozal ýaşap geçipdirler.
* * *
Bathyz döwlet goraghanasynda 1000 töweregi oňurgasyz jandarlaryň görnüşleri ýaşaýar.
* * *
Alajagazlaryň jüýjeleri ýumurtgadan çykyp,birnäçe gün geçenden soň suwda oňat ýüzüp we çümüp bilýärler.
* * *
Möýüň çagasy dünýä inen badyna kerep örmäge ukyplydyr.
* * *
Garaguşlaryň süňkleri örän güýçlidir.Olar,hatda uly toýnakly haýwanlaryň dersini-de ýyrtym-ýyrtym edip,böleklere bölýärler.
* * *
Pigiwinler sowuga çydamly jandarlardyr.Imperator pingiwini 60-70 gradus aýaza döz gelip bilýär.
* * *
Ýewropada,Aziýada duş gelýän Laska diýilýän kiçijek ýyrtyjy syçanlaryň hinlerine girip,olary çakdanaşa köp awlaýar.Ululygy 13-28 santimetr,agramy 40-100 grama deň bolan bu ýyrtyjy öýüni ýeriň aşagynda-da,2 metr belentlikdäki agajyň köweginde-de gurýar.
* * *
Ene kenguru öz çagasyny sütünli torbasynda saklaýar,şol ýerde hem iýmitlendirýär.
* * *
Ýolbars sürüsiniň ýaşaýan çägi 20 kilometr aralygy öz içine alýar.

Bilim, Waharman tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir