BITARAPLYK

Sähralar parahat,
Tokaý parahat.
Işde-de rahat,
Öýde-de rahat,
Asuda geçip dur ýyl, günler, sagat —
Budur hemişelik Bitaraplygymyz.

Güýzlerem hasylly,
Gyşlaram gorly,
Baharlar bägülli,
Tomuslar nurly,
Ýeriň üsti-asty hazyna-gorly
Budur hemişelik Bitaraplygymyz.

Türkmenlere guwanýan kän, gelýän kän,
Mydam myhmanlara açyk desterhan,
Dünýäň dört künjünde bize dostlar kän—
Budur hemişelik Bitaraplygymyz.

Parahatlyk halkyň sarsmaz synasy,
Gerbimizde bugdaý, pagta hanasy,
Zeýtun ýaprak — Bitaraplyk manysy,
Budur hemişelik Bitaraplygymyz.

Milli Lider halk bilen, halk içinde,
Baş şygary «Döwlet adam üçindir!»
Türkmenistan dünýä şugla saçýandyr—
Budur hemişelik Bitaraplygymyz.

Allaberdi PAŞŞYKOW
www.alem.su Garagum 8 2020

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir