HEMIŞELIK BITARAPLYGA BUÝSANÇ

Agzybir, asuda, Bitarap ýurtda,
Bolsady ekilen ýalydyr edil.
Millet öz kalbyna aram tapýandyr,
Döwletiň Lideri bolanda adyl.

Bitaraplyk adyllykdan başlanýar:
Deň göz bilen bakmak ähli halklara.
Dostluk golun gerip, hemaýat bermek,
Ruhy goldaw bermek ähli halklara.

Bitaraplyk türkmen üçin adatdyr,
Ýaşadýar eşretde, bagy-bossanda.
Bu sözleriň juda dogrulygyna,
Göz ýetirip bolýar Türkmenistanda.

Bitaraplyk köňülleriň çyragy,
Ak kepderi ganat ýaýýar parahat.
Bitaraplyk halkyň ýürek kelamy —
Arkadaga Hakdan gelen parasat.

«Döwlet adam üçindir!» diýýär Arkadag,
Watan ynsan ýaly sagdyn synaly.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany»
Barha kuwwatlanýar Watan synasy.

Magtymgulyň arzuw eden döwleti,
Bize nesip etdi daş ýany bilen.
Berkarar döwletde bagtyýar döwri,
Gurýas Arkadagyň baş ýoly bilen.

Bu Watan, bu toprak erkin dem alýar,
Giň törüni açýar myhman gelene.
Arzuwlap gelýärler, ýürek buýsançda,
Alkyş-sena goşup şirin diline.

Bitaraplyk has bezeýär döwleti,
Bitaraplyk bize kän zat eçildi.
Ýurdumyzyň bar emeli hemrasy,
Az möhletde kosmosa ýol açyldy.

Ýüpek ýoldan kerwen gurýar ulaglar,
Bir gün Çyn-Maçynda, bir gün Eýranda.
Türkmen gazy goňşularam ýyladýar,
Türkmen kalby dostluk diýip urýandyr.

Yer şarynda sylagy bar türkmeniň,
Hoşniýetli bakýar halklaryň bary.
Bitaraplyk syýasatyn ýöredýän
Türkmenistan dünýäň şuglaýy-nury.

Türkmenistan dünýäň şuglaýy-nury,
Muny eger-eger inkär etjek ýok.
Hoşniýetli gatnaşýarlar goňşular,
Dostluga öwrüldi ähli araçäk.

Bitaraplyk ýüzümiziň tuwagy —
Türkmen ýer ýüzünde boldy ykrarly.
Tugumyzda Bitaraplyk nyşany,
Türkmen at-abraýly, ýagşy ykbally.

Çyk türkmeniň derýa, dagy, düzüne,
Ähli ýerde Bitaraplyk ýaňy bar.
Ýer şarynyň çagalarny dost eden,
Awazada şirin mukam ýaňlanýar.

Aşgabadym — Watanymyň ýüregi,
Buýsanjymyz, dillermiziň senasy.
Kalbymyzda arzuwlara ýol açýar,
Göwün guşy — Bitaraplyk binasy.

Bu Diýara gelýän dostlar-doganlar
Türkmenleriň päk ýüregne şaýatdyr.
Belent saklap, ähli halklaň sarpasyn,
Türkmen adyl ýoly bilen barýandyr.

Bu Watanda elýeterli hemme zat,
Bar zat halkyň eşretine gönderlen.
Dünýäň ähli ýurtlarynda duş gelýär
Hil nyşany: «Türkmenistanda öndürlen».

Äleme aýandyr türkmeniň ady,
Ösüşlere ganat berýär Arkadag.
Şanly ýigrimi bäşiň toýuny toýlap,
Bitarap ýol bilen barýar Arkadag.

Bitarap ýol bilen barýar Arkadag,
Arkadagyň ýoly bagtyň ýoludyr.
Sagdynlygyň ýoly, joşgunyň ýoly,
Belent münberleriň, tagtyň ýoludyr.

Arkadagyň ýoly adalat ýoly,
Asuda, parahat durmuşyň ýoly,
Bitaraplyk ýoly dostlugyň ýoly,
Parahatçylykly gurluşyň ýoly.

Bitaraplyk has beýgeldýär döwleti —
Bolsady ekilen ýalydyr edil.
Çar tarapdan dostluk goly uzaýar,
Döwletiň Lideri bolanda adyl.

Şeýle Adyl Lider türkmenlerde bar—
Mähriban, Gahryman Arkadagymyz!
Türkmeniň başyna ýagdyrýaňyz nur,
Joşgunlydyr aýdymymyz-sazymyz.

Eziz Arkadagyň gollary bilen,
Bitaraplyk datly miwe eçilýär.
Giňeýär dostana gatnaşyk barha,
Dostlar üçin gapymyz giň açylýar.

Sözlär adyl, parasatly dür saçýar—
Hasyl bolýar Arkadagyň aýdany!
Türkmenistan dosta giň gujak açýar —
Dünýä dolar Bitaraplyk aýdymy!

Allaberdi PAŞŞYKOW
Garagum 8 2020

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir