Içinde 
Köňlüm, ne iş bitirdiň, geldiň jahan içinde. 
Magtymguly. 
Mähir görkezip janym, zar-u-girýan içinde,
Ýagşylyga ýar bolup, galdym arman içinde,
Hatalam hatar-hatar, müň puşeýman içinde,
Başym göwräme ýetmes, daş-degirmen içinde,
Umydymyň gülleri gara duman içinde,
Köňlüm, nesibäň şumy, ruhy-rowan içinde?! 
Gara saçlam gije dek boýnuma towlanadyr,
Tün goýnunda jüp ýyldyz kä öçüp, kä ýanadyr,
O ýagşylyk päklikden umytly diwanadyr,
Daň atsa nurlaryny bulutlar gysganadyr,
Gabahat gezer ýörir bir ahyrzamanadyr,
Aýak basara ýer ýok, ýylan-içýan içinde. 
Zulmatda ýol görkezer açyk ýüz-aý tapmaýa,
Mähir bilen el berer gülgün çyraý tapmaýa,
Muhabbetim ýerleşer mülki-saraý tapmaýa,
Batara köl, akara daşgyn bir çaý tapmaýa,
Men heläk, umydymy jaýlara jaý tapmaýa,
Nebis bilmez çägini, iman-wyždan içinde. 
Mekirlik hyýanata dolmuş, ýitip çynlarym,
Mähre wepa yzlasam, dogry çykmaz çenlerim,
Hile-ýalan derdinden geçip gitmez tünlerim,
Habar gelse külpetden, öňe saýlan, günlerim! —
Meýli, alsyn ömrümi, meýli, solsun güllerim,
O dünýäde solmaz gül bar, Gülüstan içinde. 
Gülüstan MÄTÝAKUBOWA 
Özbekçeden terjime eden Ahmet MÄMMEDOW. 
Çeşme: http://Alem/pages/EdebiyatAlemi