Dowzahda seniň ýeriň taýyn
Bir gün mejlisde o dünýä hakynda, magşar günündäki howpdyr hatarlar barada 
gürrüň edilipdir. Oturanlaryň hemmesi gaýgyly oýa batypdyr. Ependiniň ýanynda 
oturan Teýmirleň hem uludan demini alyp: 
– Men eden etmişlerim üçin Hudaýyň öňünde nähili jogap okarkam? Meniň jaýym 
nirede taýýarlanarka? Behişdiň nygmatly ýerindemi, ýa otly dowzahda? – diýip pikir-
lenipdir.
Ependi:
– Päheý, senem-ä patyşahym! Asyl senem bular ýaly zatlar barada 
oýlanýarmydyň? Beýle boş zatlar üçin mübärek ýüzüňizi çytyp oturmaly dälsiňiz. 
Seniň Çingiz han tohumyndan bolan Hulagu gylykly ýurtbasardygyňy hemmeler 
bilýär ahyryn. Janyň çykybildigi, derrew dowzaha düşersiň. Enşalla, ynha özüňe 
meňzeş Nemrut, Şetdat, Pyrgawun, Isgender, Çingiz han ýaly patyşalar bilen birlikde 
labyrdap duran otdan tagtyň üstünde oturyp, ýene-de şalyk sürersiňiz – diýipdir. 
Çeşme:  www.Alem.su 
21.10.2020