Soňlama

Söýgiň gursagyma ýüklenen ýük däl,
Ýelginli serimde pikir bekemäm.
Biweç geçen wagtym goýup terezä,
O günleri birin-birin ýekelän.

Meni söýýärmikäň öýden günlemem,
Seni söýýänligmi geçdi oňlaman.
Bir ömre ýeterlik ylham bagyş edip,
Şygrymda däl, bolduň yşkda soňlamam.

Üç däl, bir sözüňem ýetikdi maňa,
Garaşamok indi tijeneriňe.
Ozal ýazylmadyk sözleri gözläp —
Kösenmämi goýjak gijelerine.

Päk yşkymy täk ömrüme utduryp,
Belki, şudur ykbalymda paýym meň.
Sylagymy synagynda syndyran,
Indi seni unutmaga taýyn men!

Altyngözel AMANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniyet institutynyň
syýahatçylyk fakultetiniň talyby.

Çeşme: http://alem.su/pages/EdebiyatAlemi

Oktýabr. 2020

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir