Eje, garşyla meni!

Eje, ýene gülledimi erikler,
Baharda oýanyp, gyşlar hüwdülän?!
Bararyn, garşy al gujak geripler,
Gyzyň senden daşda biraz digdirän.

Ugraryn kalbymda besläpler «belki»,
Duýdansyz çykmagyň isläp öňümden.
Jigim bolanyny hemmeden ilki,
Buşlan guşlar bu gezegem öňürder.

Syzar barjagymy ene ýüregiň,
Boýçy bolup dikelerin çaýyňda.
Seni görjegime joşup ýüregim,
Herýana atygsar durman jaýynda.

Bararyn, galgadyp ýyllaň öýmesin,
Garşy algyn Gün yşkynyň astynda.
«Gyzym, biraz eglendiňmi?» diýme sen,
Çykaryn men sensizligiň kastyna.

***

Eje, haçana çen bukup saklaýyn,
Yşk barada ýazan setirlerimi?
Ýatlaýan temmilem — seniň eliňe
Jigim tarapyndan ýetirlenlermi?!

Bir gün nokat goýdurypdyň soňuna,
Ýadymda, men jigim bilen jetleşdim.
Eltip okadypdyr goşgularymy,
Şondan soň bu pikirlemden çetleşdim.

Başga alajam ýok, kim islär dagy,
Olaň tutaşdyrlyk bolmagny peje?!
Gyzyň häli çagalykdan saýlandy,
Indi beri garşy bolmagyn, eje!

Bazardan zat satyn almakçy bolup,
Göwnüme ýetýänçä esli aýlamda,
«Kejirligiň galman geçjek» diýerdiň,
Gyzyň şol gylygyn gaýtalar ýene,
Ýalňyşmaz ol asla bagty saýlanda.

Altyngözel AMANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniyet institutynyň
syýahatçylyk fakultetiniň talyby.
Çeşme: http://alem.su/pages/EdebiyatAlemi

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir