Ýadawlyk, haýal pikirlenmek, ünsüňi jemläp bilmezlik ýaly birentek näsazlyk uky bilen baglanyşyklydyr. Biler bolsaňyz, birnäçe minutyň içinde aňsatlyk bilen uka gitmek mümkin. Ine, size uky meseläňizi bir-iki günde çözmäge kömek etjek alty sany ýol:

a) 4/7/8 usulyny barlaň

Ilki diliňizi kentlewügiňize degirmeli we tä usuly barlap bolýançaňyz ony şol ýerden aýyrmaly däl. Başda 4 sekuntlap burnuňyzdan dem alyň. Soň 7 sekuntlap dem alman duruň-da, 8 sekuntda-da ýuwaşja demiňizi goýberiň. Muny 4 gezek yzly-yzyna gaýtalaň. Nähili tapawut edýändigini görersiňiz. Süňňüňiz agralyp, uky basyp ugrar. Bu usuly 3 günläp her gün barlamagyňyz peýdalydyr.

b) Goýunlary yzlygyna sanaň

1, 2, 3, 4, 5, 6, … diýip goýunlary başyndan sanamagyň, dogrusy, känbir peýdasy ýok. Şonuň üçinem, goýunlary 100-den başlap, üç-üçden azaldyp gaýdyň. Olary sanamagymyzyň düýp sebäbi kellämizdäki dürli pikirlerden ünsümizi sowmak. Beýniňizi şeýdip meşgul etseňiz, has çalt uka gidersiňiz.

ç) Jyňňyrdaýan sagat ulanyň

Telefonyňyz, kompýuteriňiz ýa-da ýatýan otagyňyzdaky islendik elektrik enjamy sizden azyndan 1,5 metr uzakda bolmaly. Eger oýaryjyny (budilnik) goýman, ukudan turup bilmerin öýdýän bolsaňyz, telefonyňyzyň oýaryjysyny ulanmaň-da, ýörite jyňňyrdaýan sagat ediniň.

d) Barmaklaryňyzy emaý bilen bir minut owkalaň

Aýagymyzyň barmaklary aslynda bedenimizdäki iň bir duýgur ýerleriň biri. Olary emaý bilen elläniňizde, has çalt rahatlanýarsyňyz. Şol sebäpden, her gün ýatmazyňyzyň öň ýanynda olary bir minuta golaý owkalap görüň.

e) Ýatmazdan ozal süýji zat iýmäň

Bedenimizdäki şeker mukdarynyň artmagy ýa-da azalmagy uka gitmekde kösenmegimize ýa-da ukymyzyň bölünmegine getirip biler. Bilermenleriň aýtmagyna görä, uklamazdan 2 sagat öň şeker bilen, şol sanda miweler bilen hem arany üzmeli.

f) Uky tertibini saklaň

Uky şertleriňiziň üýtgewsizligi möhümdir. Ýatýan otagyňyzyň temperaturasynyň üýtgemezligi we ýatmazdan öň otagyňyzyň bir salym ýelejiredilmegi gerek. Galyberse-de, uky tertibiňizi bozmazlyk üçin her gün şolbir wagtda uklamaga çalşyň.

Çeşme: Internet maglumatlary

Edebiýat, bank tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir