EJELI GÜNLER

Göç eýlän durnalar ýene dolanar,
Emma hiç dolanmaz ejeli günler.
Zümerret daşy deý gyt hem az olar,
Hakydaňda solmaz ejeli günler.

Ejeliler dünýä bolup gül açar,
Ejeň bolsa dünýe dolup dür saçar,
Elleň aýasynda gymmatly açar
Ýitensoň, hiç gelmez ejeli günler.

Giň jahanyň aýdym eder, saz eder,
Aýazly gyş günüň alaýaz eder,
Şypadyr ýagyşlar, mukamdyr ýeller,
Tylla, göwher, merjen ejeli günler.

Ynsan üçin barça ömrüň gaýmagy,
Ykbalyň manysy, durmuş gaýnagy,
Bu sähralaň boz jereni, saýgagy,
Çapyp gitse gelmez ejeli günler...

Aýnabat ATAÝEWA

Oktýabr. 2020.

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir