Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we "Ýuwentusyň" hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň koronawirus üçin barlagy položitel çykdy diýip, Portugaliýanyň Futbol Federasiýasy habar berdi. 35 ýaşly oýunçynyň "özüni duýşy gowy, simptomlar ýok we karantina alyndy" - diýlip, PFF-iň beýanynda aýdylýar.

Çarşenbe güni Milletler ligasynyň toparçasynda Portugaliýa Şwesiýa bilen duşuşar. Fernandu Santuşyň ýolbaşçylygyndaky portugal toparynyň galan oýunçylary COVID-19 üçin tabşyran barlaglarynyň netijesi negatiw çykansoň, olar oýna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Portugaliýa ýekşenbe güni Parižde Fransiýa bilen golsuz deňme-deň oýnady we häzir utuklary boýunça dünýä çempionlary bilen deňleşip, toparçada birinji orunda ýerleşýär.
Portugaliýanyň kapitany Ronaldu sentýabr aýynda Milletler ligasyndaky oýunlaryň çäginde, Şwesiýanyň derwezesinden geçiren gollary netijesinde halkara oýunlarda 100 pökgi geçiren ilkinji ýewropaly boldy.
Karantin sebäpli Ronaldu 17-nji oktýabrda Seriýa A-daky "Ýuwentus"-"Kroton" oýnuny we 20-nji oktýabrda Çempionlar ligasynyň toparçasyndaky ilkinji oýny sypdyrar.
Duşenbe güni Ronaldu Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen düşen selfisini "Meýdançada-da, onuň daşynda-da bilelikde!" ýazgysy bilen sosial ulgamda paýlaşdy.

Çeşme: tmcars

Şahsy pikrim: Covid-19 wirusy köp adamyñ ölmüne sebäp boldy. Bu wirus baý garyp diýmän hemma deñ derejede howp salýar. Hatda Kriştiano Ronaldo ýaly öz saglygyna seredýan baý ynsana hem ýokuşan bolsa diýmek bu wirus üçin sebäpler we öñüni almalar ähmiýetsiz. Ynsanyýet uly özgerişleriñ bosagasynda dur. Ýa ha has erbetleşeris ýa-da günälermiz üçin toba ederis.

Sport, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir