Messi bahasy arzanlan oýunçylaryň sanawynda ikinji orna geçdi.
"Transfermarkt" portalynyň habaryna görä, Barselonanyň hüjümçisi Lionel Messi ýylyň başyndan bäri iň gymmatyny ýitiren oýunçylaryň sanawynda ikinji ýeri eýeledi diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Öňki gymmatyndan 40 million ýewro arzan baha kesilýän argentinaly hüjümçiden ýokarda "Real" Madrid toparynyň gymmaty 60 million ýewro aşak düşen ýarymgoragçysy Eden Azar ýerleşdi. Üçünji ýeri “gök-narynçlaryň” hüjümçisi Antuan Grizman (40 million) eýeledi.
Şeýle hem gymmaty peselen oýunçylaryň ilkinji onlugyna Rahim Sterling ("Mançester Siti" , 32 million ýewro arzanlady), Neýmar ("Pari Sen Žermen", 32 million arzanlady), Kepa Arrisabalaga ("Çelsi", 32 million arzanlady), Garri Keýn ("Tottenhem", 30 million arzanlady), Sadio Mane ("Liwerpul", 30 million arzanlady), Kewin De Bruýn ("Mançester Siti", 30 million arzanlady), Mohammed Salah ("Liwerpul", 30 million arzanlady) dagylar girdi.
Messiniň häzirki bazar bahasy 100 million ýewro diýlip çaklanylýar.

Çeşme: tmcars

Şahsy pikrim: Menimçe fudbolçylaryñ transfer bahasynyñ arzanlamagyna häzirki döwürde Covid-19 pandemiýasynyñ ykdysadyýete ýetirýän täsiri bilen baglanşykly.

Sport, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir