Kursdaşlarym.

Ilki nätanyşdyk indi tanyşdyk
Ýolda görsek bir-birege garaşdyk
Göwne degsek ýene tiz ýaraşdyk
Dogan ýaly bolan kursdaşlarym.

Ýetişmedim berip duraý depderiň
Degişme degmesin göwne geplerim
Gonsyn egniňize bagt kepderi
Ýakynym gadyrdan kursdaşlarym

Tanyşlyga bolsada az wagt
Kursdaşlar barlygy ine bu bagt
Göräýsene jaňa bar näçe wagt
Jaňda gülüşen kursdaşlarym.

Serdar Melejäýew. 61506820

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir