Çaganyň pikirlenişini ösdürmäge kömek edýän 20 sorag
Köplenç ene-atalar öz çagalary bilen wagt geçirmek üçin ne-hä ýeterlik wagt, ne-de ýeterlik güýç tapyp bilýärler. Şol bir wagtyň özünde, çaga ýaňy bir üme düşüp başlanda, onuň bu prosesden lezzet almagy, hyýal ýüwürdip bilmegi, söhbetdeşiniň oýun-henegine düşünmegi we özünde hem şeýle duýgulary ösdürmegi möhümdir.

Biz çaganyň diňe bir gürläp başlamagyna däl-de, gatnaşyklary has ýakynlaşdyrmaga we ynamdar etmäge kömek etjek soraglary hödürleýäris.
Çaganyň soraglara beren jogaplaryny tankytlamagyň, "nädogry" ýa-da "ýerliksiz" warianty görkezmegiň ýa-da derrew öz pikiriňizi aýtmagyň hökman däldigini ýadyňyzda saklaň. Iň gowusy goşmaça soraglary berip görüň. Bu size çaganyň şahsyýetiniň nähili ösýändigi barada has köp zat öwrenmäge kömek eder, oňa bolsa has takyk pikirlenmegi, dürli zatlara garaýyşlaryny kemala getirmäge we öz emosiýalaryna has gowy düşünmegi öwrenmäge ýardam eder.

Çagaňyza şu aşakdaky soraglary beriň:

Nähili super güýje eýe bolmak islärdiň? Olary nämä ulanardyň?
Haýsy iş ýa-da nähili pişe özüňi has dogumly duýmaga ýardam edýär?
Şu günki gezelençde (syýahatda, oýun meýdançasynda) iň göwnüňe ýaramadyk zat? Näme sebäpden?
Näme üçin itimize (pişigimize, totyguşumyza...) ideg etmegi gowy görýäň? Nähili pikir edýäň, olar gürläp bilýän bolsalar, saňa näme diýerdiler?
Ulalanyňda synanyşyp görmek isleýän bäş hünäriň ýa-da käriň?
Gysga wagtlyk haýsy nägehan ýa-da jadyly jandar bolmak islärdiň? Suratyny çekip bilermiň?
Eger seniň halaýan oýnawajyň janly bolan bolsa, onuň bile näme ederdiňiz ýa-da näme hakda gürleşerdiňiz?
Haýsy haýwan bolmak islärdiň?
Näme etmegi has gowy başarýaň?
Hažžygyň gulagy barmy?
Pişiklerde ganat bolan bolsa näme bolardy?
Kakaň boýy nähili?
Uçup bilýän bolsaň, ilki nirä barardyň?
Bulutlar nirä, näme üçin ýüzüp barýar?
Halaýan işiň näme? Onda halamaýan işiň näme?
Kimi gowy görýäň?
Seni näme gynandyrýar? Näme begendirýär?
Söýgi näme? Onda bagt näme?
Kakaňda we ejeňde (eneňde, aýal doganyňda, mugallymyňda) iň gowy görýän zadyň?
Şuňa meňzeş soraglar çagalara her ýyl, dürli ýaşda berlip bilner. Jogaplar hökman üýtgär we çaganyň öň özüniň nähili bolandygyny, nämeleri halandygyny we sebäbini bilesi geler.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir