Gysga hekaýalar –– edebiýatda awtoryň aýratyn ussatlygyny hem-de zehinini talap edýän özboluşly bir žanrdyr. Kähalatlar aýdyljak bolunýan pikiri okyja ýetirmek üçin bary-ýogy 55 söz ýeterlik bolýar. Elbetde, bu diýseň ujypsyz, emma 55 söz bizi köplenç ähmiýetsiz hem o diýen möhüm bolup görünmedik zatlar dogrusynda çynlakaý oýa batyrmaga mejbur edip bilýär.

Gysga hekaýa –– bu bir ömrüň, bir kyssanyň, bir ykbalyň taryhy.

Bir gezek «New Time» žurnaly şeýle bir aksiýa geçirýär. Oňa gatnaşyjylara dowamlylygy 55 sözden geçmeýän hekaýa ýazmak tabşyrylýar. Aksiýa okyjylaryň gyzgyn seslenmesini gazanýar. Bu aksiýanyň netijesinde bolsa “Dünýäde iň gysga hekaýalar” atly hekaýalar ýygyndysy çap edildi.

Şeýtan näme isleýär

Iki oglan kem-kem daşlaşyp barýan şeýtany synlap durdy. Onuň jadylaýjy nazarynyň şuglasy henizem olaryň huşuny dumanladyp durdy.

–– Eşidýäňmi, o senden näme isledi?

–– Janymy. A senden?

–– Telefon-awtomat üçin teňňe sorady. Gyssagly bir ýere jaň etmeli ekenmi, nämemi.

–– Isleseň, bir ýere gidip garbanaly?

–– Wah, näsini aýdýaň. Arman indi kör-köpügim galmadyda.

–– Zyýany ýokla. Mende o köp.

Braýan Nýuwel.

“Betbagt”

Zulumyň belli bir ýüzi ýok diýýärler. Hakykatdan hem, onuň ýüzünde duýgy alamatlaryndan nam-nyşan ýokdy.

Agyry janyňy alyp barsa-da, onda jinnik ýalam gynanç ýokdy.

Näme, ol, gözümdäki gorkyny, ýüzümdäki galagoplugy görmeýärmikä?

Ol o diýen arassa bolmadyk işini rahat, hatda hünärmen hökmünde şeýle bir ynamly ýerine ýetirýärdi. Işini tamamlandan soňam sypaýylyk bilen: “Baş üstüne, agzyňyzy çaýkasaňyzam bolar”.

Den Endrýus.

“Aýgytly pursat”

Gyzyň gulagynda ýapylyp gelýän erkinlik derwezesiniň sesi çalaja ýaňlanýardy. Özygtyýarlylyk ony hemişelik terk edipdi, onuň ykbaly keseki ellerdedi, ol indi hiç wagt erkinligi görmez. Häzir nirädir bir ýerlere gaçyp gitseň nähili oňat boljakdygy ýaly pikirler onuň kellesinde at salýardy. Ýöne mundan hiç ýaňa gaçyp bolmajakdygyna gyz düşünýärdi. Ol ýylgyryp öýlenýän ýigidine bakyp gaýtalady: “Hawa, razy”.

Tina Milbern.

“Çüwmezlik”

Tutuş endamymda janymy alyp barýan agyrydan oýandym. Gözümi açsam ýatalgamyň başujunda duran şepagat uýasyna gözüm düşdi.

–– Jenap Fudjima, siziň bagtyňyz çüwüpdir. Siz mundan iki gün öň Hirosimadaky bombalamadan soň aman galyp bildiňiz. Häzir bolsa siz hassahanada, size indi hiç zat howp salmaz.

Çalajan ýatan ýerimden ýuwaşja soradym:

–– Men nirde?

–– Nagasakide – diýip, şepagat uýasy jogap berdi. Alan Ý.Maýer.

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir