Google we synag Gowy iýmitlenmegiň, aýdym-saz diňlemegiň, ýeterlik uklamagyň, küşt oýnamagyň ýa-da tapmaça çözmegiň zehinimizi ýiteldýändigini biz köpden bäri bilýäris. Emma siz “Google” internet sahypasynda gözleg geçirmegiň we synaglara gatnaşmagyň hem zehinimiziň ýitelmegine güýçli täsir edýändigini bilýärmidiňiz? Kaliforniýa uniwersiteti tarapyndan geçirilen ylmy-derňewlere laýyklykda, hepdede üç-dört gezek 20 minut töweregi Google internet sahypasynda gözleg geçirmeklik beýnimiziň işjeňleşmegine we ondaky küleňsi maddanyň artmagyna oňyn ýardam edýändigi ýüze çykaryldy. Çünki Google saýtynda gözleg geçirmek islänimizde bize zerur bolan tema barada ilki özümiz parhynda bolmazdan beýnimizde gözleg geçirýäris. Şoňa görä-de, internet sahypasyna buýruk berýäris. Eger-de biz Google saýtynda gözleýän temamyz bilen baglanyşykly iň ýakyn sözi ýazmasak, onda biz şol tema bilen baglanyşykly anyk maglumatlary tapmakda kynçylyk çekýäris. Angliýanyň Kent döwlet uniwersitetiniň alymlary bolsa ýakynda amala aşyran ylmy-derňew işleriniň netijesinde ýaşlaryň yzygiderli synag tabşyrmaklarynyň olaryň beýnisiniň işjeňleşmegine, zehininiň ýitelmegine we ýatkeşliginiň güýçlenmegine oňyn täsir edýändigini anykladylar. Ýylyň dowamynda bary-ýogy 2 gezek synag geçirilen topar bilen 8 sekiz gezek synag geçirilen topary deňeşdirenlerinde bolsa köp synag tabşyran toparyň talyplarynda maglumatlary uzak wagtlap ýatda saklap bilmek, meselelere tiz düşünmek, synagda wagty tygşytlamak, özlerini rahat alyp barmak ýaly hereketleriň kämilleşendigine göz ýetirdiler. Bu babatda uniwersitetiň professory Katerin Rowson “Köp synag tabşyrmak geljekde öwrenilen maglumatlary uzak wagtlap ýatda saklap bilmek mümkinçiligini dolulygyna artdyrýar, şeýle hem zehini ýiteldýär” diýýär.

Taýarlan: Arslan Alayew

Tehnologiýa, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir