Nurmagomedow-Getji söweşi boş münberlerde geçer
UFC-niň çempiony russiýaly Habib Nurmagomedow bilen amerikaly Jastin Getjiniň arasyndaky söweş tomaşaçysyz geçer. Bu barada rus türgeni Moskwada Söweş sungatynyň forumynda onlaýn-maslahatyň dowamynda mälim etdi. Bu barada TASS habar berýär.

“Turnir ýapyk ýagdaýda geçer, janköýerler bolmaz. Şonuň üçin ýakynlarym maňa meýdançadan daşynda, myhmanhanada garaşarlar” – diýip, Nurmagomedow aýtdy.

Söweş 24-nji oktýabrda Abu-Dabide (BAE) “Söweş adasy” hökmünde hem belli bolan Ýas adasynda UFC 254 turniriniň çäklerinde geçiriler.
Nurmagomedow häzir Dubaýda bolup, ol şol ýerde söweşe taýýarlyk görýär.
Rus türgeniniň ozalky söweşi 2019-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda geçdi, şonda ol amerikaly Dastin Porýe bilen söweşde tituly gorady. Nurmagomedowyň hasabynda 28 ýeňiş bolup, ýekeje-de ýeňliş ýokdur.
Getji 24 söweşiň ikisinde ýeňildi.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir