Aşgabatda Halkara Media-Forum Geçirildi

Aşgabatda Halkara Media-Forum Geçirildi
2020-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna hem-de ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagyna bagyşlanan halkara media-forum geçirildi. Çäre sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Bu halkara media-forum Türkmenistan tarapyndan Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) bilen bilelikde guraldy.

Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe pudak edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, daşary ýurtlaryň abraýly jemgyýetçilik we teleradio ulgamynda işleýän guramalarynyň ýolbaşçylary, şonuň ýaly-da dünýäniň 68 ýurdundan 300-den gowrak habarçylar gatnaşdy.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistana Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygynyň nobatdaky gezek ynanylmagynyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Çünki biziň ýurdumyzyň bu ugurda eýýäm ençeme oňyn tejribesi bardyr, ýagny Türkmenistan Baş Assambleýanyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji mejlislerine hut wise-başlyk wezipesinde gatnaşandyr.

Duşuşygyň dowamynda çykyş eden türkmenistanly we daşary ýurtly wekiller Milletler Bileleşigi tarapyndan degişli Kararnamalaryň ençemesi bilen ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini aýratyn nygtadylar. Bu ugurda çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünligini we netijeliligini belläp geçdiler.

Hususan-da, Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetirijisi, Türkiýe Respublikasynyň «TRT» teleradiokorporasiýasynyň Baş direktory we başlygy Ibrahim Eren öz çykyşynda, Türkmenistanyň ilkibaşdan global derejesinde parahatçylygyň we durnuklylygyň ilerledilmegi, şonuň ýaly-da birlikde bagtyýar ýaşaýşyň hem-de durnukly ösüşiň ähmiýetiniň pugtalandyrylmagy üçin hut şu ýoly saýlap alandygyny nygtady.

Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş sekretary Dr.Jawad Mottaghi hem öz çykyşynda halkara hukuk tejribesinde täze bir ugur bolmak bilen, türkmen bitaraplygynyň ýer ýüzünde hyzmatdaşlygyň we parahatçylygyň saklanylmagynyň täze konsepsiýasynyň esasyny düzýändigini jaýdar belläp geçdi.

Öz çykyşynda Hindistanyň «Prasar Bharati» ýaýlymlar kompaniýasynyň Baş direktory Şaşi Şekhar Wempati hem Türkmenistanyň bitaraplygynyň halkara giňişliginde uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuşa geçirýän syýasatynyň sebitde we dünýäde hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak ýörelgesine doly laýyk gelýändigini belledi.

Şri-Lankanyň «MTV Channel» (Ptv) Limited (MBC/MTV) toparynyň başlygy Nedra Wirasinghe bolsa oňyn bitaraplyk syýasatynyň özboluşly aýratynlyklary hakynda öz garaýyşlaryny beýan etmek bilen, bitaraplyk derejesiniň ýurduň halkara giňişliginde adamzadyň gymmatlyklarynyň we umumy gyzyklanmalarynyň goragynda möhüm orun eýeleýän öňdebaryjylygyny pugtalandyryp biljekdigini nygtady.

Ýewropanyň ösüş we howpsuzlyk institutynyň Prezidenti Emmanuel Düpýi hem öz nobatynda Türkmenistanyň bitaraplygynyň sebitde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtady we onuň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalaryny utgaşdyrmagyň çeşmesi we sebitde sazlaşykly integrasiýanyň durmuşa geçirilmegi üçin oňyn meýdança bolup biljekdigini beýan etdi.

Özbegistanyň Milli teleradioýaýlymlar kompaniýasynyň başlygy A.Hajaýewiň çykyşynda şu günki Forumyň Türkmenistanyň durnuklylygy we parahatçylygy, durmuş-ykdysady taýdan ösüşi mundan beýläk hem pugtalandyrmaga, dünýä ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklary we sebitde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen tagallalarynyň çygryndaky möhüm çäre bolup durýandygy bellenilip geçildi.

Öz çykyşlarynda Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaçysy hanym Neda Berger, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy B.Amansaryýew, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Kakaýew we «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory K.Rejepow dagylar hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň özboluşlylygy, onuň halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegindäki orny barada giňişleýin gürrüň berdiler we çykyşlarynyň dowamynda parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, beýleki döwletleriň işlerine gatyşmazlyk, harby birleşiklere gatnaşmazlyk, özarabähbitli hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek ýaly ýörelgeleriň oňyn bitaraplyk syýasatynyň aýratylmaz düzüjileri bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar. (Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat Gullugy)

Täzelikler, 12 tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir