Çaganyň 6 aýy dolandan soň, ol has köpräk hereketler edip başlaýar. Oňa witaminler we minerallar öňküsinden köp gerek bolýar. Bu ýaşlarda diňe suwuk iýmit ýeterlikli bolmaýar. Oňa has goýurak iýmitleri — goşmaça naharlary berip başlamaly döwri gelýär. Ony çaganyň bedenine agram salmasyz ýagdaýda alyp barmaklyk wajypdyr. Adatça goşmaça naharlar süytli ýarmalardan ýa-da gök önümlerden taýýarlanan pýurelerden berilip başlanýar diýlip Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky edarasynyň resmi Instagram hasabynda (@unicef_turkmenistan) aýdylýar.

Goşmaça naharlar berilende aşakdaky düzgünleri berjaý etmeli:

nahary kem-kemden berip başlamaly (çaý çemçeden berip başlamaly we çaganyň ýagdaýyna görä mukdaryny köpeltmeli);
nahar goýy bolmaly (taýýar bolan nahara çemçe haýallyk bilen çümer ýaly goýulykda bolmaly (miwe pýuresi görnüşinde));
ýeterlik mukdarda bolmaly (10-15 nahar çemçe);
ýeterlik ýygylykda berilmeli (şu ýaşdaky çagalar günüň dowamynda 3 gezek goşmaça nahar almaly).
IÝMITLENDIRMEGIŇ IŇ OŇAT DÜZGÜNI: GÖWÜSDEN EMDIRMEGI DOWAM ETDIRIŇ!

Çaga göwüsden emdirilýän bolsa günüň dowamynda 3 gezek goşmaça nahar bermeli, eger-de göwüsden emdirilmeýän bolsa, onda günüň dowamynda 5 gezek goşmaça nahar bermeli.

BERILÝÄN MASLAHATLAR:

Öz wagtynda goşmaça naharlar berip başlanmaly!
lýmitlendirmegiň ýygylygyny maslahat berilýän sanyna barynça kem-kemden köpeltmeli! Maslahat berilýän mukdaryny alýança, çagany her gezek naharlanda bir çemçe iýmiti goşmaça bermeli.
Çaý bermäň! Suwuklyk hökmünde ene süýdüni, adaty suw ýa-da miwe suwuny ýa-da şiresini ulanmaly.

Bilim, 12 tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir