Häzir Milli ene süýdi bilen iýmitlendirmek hepdeligi (1-7 Sentýabr) dowam edýär. Şu nukdaýnazardan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky edarasynyň resmi Instagram hasabynda (@unicef_turkmenistan) bular barada berilýän maglumatlary Size ýetirýäris. Şeýle hem 0-6 aýlyk döwürde çagany dogry iýmetlendirmegiň kadalaryny saýtymyza ýerleşdirýäris.

Ene süydi – esasanam bäbekleriň birinji aýlarynda in gowy iýmit bolup durýar. Çaganyň dogry ösüp ulalmagy we onuň saglygyny gorap saklamak üçin ene süydi düzüminde gerekli bolan ähli maddalary saklaýar, ol çagany bedeninde ýeňil siňýär we özleşýär. Diňe ene süýdüniň düzüminde çagany dürli kesellerden, şol sanda ýiti respirator, iç geçme we birnäçe beýleki ýokançlyklardan gorap saklaýan faktorlar bar. Göwüsden emdiriş pursadynyň öz aýratyn täsiri bolýar, onda hiç bir zat bilen deňeşip bilmejek ene bilen çaganyň çuňňur mähirli duýgularynyň jebisligi bolup geçyär.



0-6 aýlyklarda çagany dogry iýmitlendirmek kadalary:

Göwüsden emdirilýän sagdyn bäbege 6 aýlyga çenli hiç hili goşmaça iýmitler we suw (şol sanda çaý) bermeli däl. Hat-da howanyň yssy wagtlarynda hem, ene süýdi çaganyň suwuklyklara bolan talabyny doly kanagatlandyrýar.
Çaga bilen dowamly we ýygyrak aragatnaşykda bolmaga çalyşyň, mysal üçin köpräk eliňize alyň we gujagyňyzda saklaň!
Çaganyň talabyna görä göwüsden emdiriň, günüň dowamynda 10-12 gezekden seýrek bolmasyn, gijelerine hem 1-2 gezek emdirmeklik onuň içine girýär.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir