Zyýanly iýmiti nädip peýdaly edip bolar
Tiz tagamy ýa-da süýjüligi düýbünden zyýansyzlandyrmaga synanyşmak gerek däl, bu iýmitiň ahyrky tagamyna ýaramaz täsir edip biler. Ýöne süýji tagamlaryň kaloriýasyny azaltmak üçin olaryň düzüm bölegini az-kem üýtgetmek bolýar diýip, aşpez blogeri Nuriýa Dianowa Sputnik radiosyna beren interwýusynda gürrüň berdi. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Iýmitiň peýdasyna kowalaşsaň, ol tagamyny ýitirip bilýär. Zyýanly önümleriň ýerini tutujylary tapmak örän kyn. Meselem, eger-de haýsydyr bir önümi peýdaly bitewi galla unundan etseň, hamyr ýelmeşmez, saklanmaz we gowy bişmez. Ýöne eger-de dörtden bir bölekden ýarysyna çenli goşundylary üýtgetsek, onda zyýanly iýmitiň peýdaly we tagamly görnüşini alarys diýip, Nuriýa Dianowa aýdýar.

“Meselem, “Napoleon” süýjüliginiň kaloriýa derejesini kremiň hasabyna peseltmek bolýar. Ýaýylan mesgäniň deregine gaýmakly kremi ýa-da želatinli dorogy ulanmak bolar. Şarlotkada (süýji tagam) şekeriň ýarysyny hurma pastasy ýa-da ter banan bilen çalşyrmak bolýar – ol şekeriň, kletçatkanyň we kaliýniň hem ýerini tutar. Bugdaý ununa kepek goşmak bolar, şonda tagam ýitmez, peýda-da goşular” – diýip, Nuriýa Dianowa gürrüň berýär.

Ýöne öýde taýýarlanylýan burgerler ýa-da şaurma olaryň düzüm bölegini düýpli üýtgetseň hem, peýdaly we tagamly bolar diýip, aşhana blogeri hasaplaýar.

“Ak çöregi bitewi galla unundan edilen bulkalar bilen çalşyp bolar, içine-de maýonez däl-de, meselem, ýogurt sousyny goşmak bolýar. Kotleti hem özüň taýýarlasaň bolar ýa-da towugyň döş eti goşulan burgeri hem etmek bolar. Şaurma köpräk gök önümleri goşmak bolar, onda lawaş hem hamyrmaýasyz, şonuň üçin ol hamyrmaýaly çörekden ýüz öwürmeli bolan adamlara hem ýarap biler” – diýip, Nuriýa Dianowa gürrüň berdi.

Bilim, 12 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir