GUBERNATORLYGA SAÝLAWLAR

Mundan bir näçe aý ozal Garaşsyzlar partiýasy beýik New-Ýork ştatiniň gubernatory wezipesine meň dalaşgärligimi goýdy. Başka iki partiýa mister Stýuart A. Budfort we mister Jon T.Gofmanyň dalaşgärligini goýdy. Emma bu jenaplara garanda mendäki möhüm üstünlik, tegmilsiz at-abraýdy. Ikisiniňde "men" diýen döwüri bir eýýam geçip giden, muňa göz ýetirmek üçin gazetleri okamagyň özi ýeterlik bolar. Soňky ýyllarda olaryň her hili erbetliklere "çümüp" gideni görünip dur. Men, bu dalaşgärlerden özümiň üstündigimi bilip, lezzet alyp guwanýaryn, emma nähilidir erbet pikir edil bulançak suw kimin dury bagtymy bulaýan dek bolýardy, çünki meň adymy ana şol nejisleriň ady bilen bile ýazyp goýarlarda. Bu pikir maňa rahatlyk bermän goýdy. Oýlap-oýlap şolar barada eneme hat ýazdym. Enem köp garaşdyrman jogap ýazaýdy. Ine, onuň haty:
«Sen dogup-döräliň bäri ýekeje gezegem ynsapsyzlyk etmediň, ýekeje gezegem!
Gazetleri açsaň mister Budfort bilen mister Gofmanyň nähili adamdygyny bilip alýaň. Özüň oýlap gör, olar bilen açykdan-açyk göreşip abraýyňy ýere çalmagyň dogry bolarmy?»
Edil şu närse maňa rahatlyk bermeýärdy. Gijesi bilen oýlanyp çykdym. Ahyry ýolumdan dänmezlige äht etdim. Ertirlik edinip, gazetleri gözden geçirip oturan wagtym, dogrusyny aýdanda meni aljyradyp goýan aşakdaky makalany okap galdym:
—«Ýalan şaýatlyk, — Mister Mark Twen indi gubernatorlyga dalaşgär höküminde, halkyň öňünde söze çykyp, 1863-nji ýylda Wakawaka şährinde (Kohinin welaýaty) nädip otuz dört sany şaýat tarapyndan kasamyny bozanlykda aýplanandygny belki aýdyp berse gerek. Myş-myşlara seredende obaly garyp, dul aýalyň we onuň goragsyz çagalarydan pukaralykda günini geçirmäge ýarap duran ýekeje zady bolan, bir näçe banan agajy ösüp duran bir bölek ýerini elinden almak maksadynda ýalan şaýatlyk edipdir. Özüniň peýdasy üçin şeýle hem, mister Twen özüne ses bermäge umyt edýän saýlawçylarynyň peýdasy üçin bu wakany düşündirip bermegi gerek. Muňa ýürek edip bilmermika?».
Muny okap aklym başymdan uçdy. Baryp ýatan, töhmet. Özümi bilelim bäri Kohinine ýekeje gezegem baryp göremok. Wakawakaň nirdediginem umuman bilmeýän. Banan agajyny kengurudan tapawutlandyryp bilýän bolsam öleýin eger. Nämetjegimi bilmän galdym. Gazabym josada, bary bir ejizdim.
Aradan bir gün geçen hem bolsa men hiç zat edip bilmedim. Ertesi güni, irden şol gazetde ine şular ýaly setirler peýda boldy:
—« Örän täsin— Mister Mark Twen özüniň Kohinindaki ýalan şaýatlygy meselesinde sesini hem çykaranok»
(Bu gazet bütin saýlaw komdaniýasynyň dowamynda meň adymy «Rezil Kasamhor jenaýatçy Twen» diýip ýazdy).
Soňra başka gazetde aşakdaky makala peýda boldy:
—«Bilmegi isleýäris— Gubernatorlyga täze dalaşgär özüne ses bermäge ýürek edip bilen şäherdeşlerine ýekeje, kiçijik meseläni düşündirip bermezmika:
Montandaky dostlarynyň köplenç maýda-çüýde goş-golamlarynyň ýiteni, olaryň hem mister Mark Tweniň jübisinden we onuň "çemodanyndan» (zatlar dolanan gazet») tapylany çynmy? Dostlary ahyry mister Tweniň peýdasyny oýlap, oňa nesihat edenleri, bütin endamyna gara ýag çalyp pere agnamaga mejbur edip we şol görünişinde agaja münüp, köçede ýöremäge mejbur edenleri, soňra bu ýerden tizräk "ökjesini götermegi" maslahat berenleri çynmy? Mister Mark Twen muňa nähili jogap berýär?»
(Şondan bäri bu gazet meň adymy "Twen, Montan ogrusy" diýip ýazýar)
Indi men düşegiň aşagyna zäherli ýylan gizlenen, diýen şübhe bilen odýaly ýuwaşja göteren ýaly gazedi hem assajyk açýan boldum.
Günleriň birinde gözüm aşakdaky makala düşüp galdy:
—«Töhmetçi paş edildi— Faýz-Poýntlik Maýkl Oflanagan, uoterstrli mister Kit Borns bilen mister Jon Allenniň kasam içip aýtmaklaryna görä mynasyp dalaşgärimiz Jon T.Gofmanyň merhum babasy göýä uly ýolda garakçylyk edeni üçin öldürilendigi hakyndaky mister Tweniň dawasy hiç hili subutnama esaslanmadyk töhmet bolup çykdy. Käbir adamlar özleriniň syýasy ýeňişini gazanmak ýolunda islendik nejis hile ulanmagy, merhumlary hem birahat etmegi, olaryň adyna tegmil düşürmegi her bir ynsaply kişini gazaplandyrýar. Bu nejis töhmediň merhumyň agaýyn-garyndaşlaryna we dostlaryna nähili agyr degenini oýlanyňda gazap atyna münen halaýyga töhmetçini suwa salma ýençmegi maslahat beresiň gelýär. Şeýle hem bolsa bu onçalyk makul däl! Goý töhmetçiň wyjdany azap çeksin! (Eger gazaba atlanan şäherdeşlerimiz gaharlaryna bäs gelip bilmän ony maýyp edip goýaýsalaram hiç haýsy sud maslahatçylary, hiç bir kazy hem ony ýençmäge gatnaşlary günäkärläp, jeza höküm etmezdiler!).
Iň soňky jümle halaýyga öz täsirini görkezen bolmaga çemeli, şol güni gije ýatan ýerimden böküp turup, arka gapydan gaçmaly boldym. «Gazap atyna münen halaýyk» bolsa köçe tarapdaky gapydan öýüme topulyp girip penjire we mebellerimi döwüşdirdiler, käbir goşlarymy ogurlabam gitdiler. Bary bir, men mister Gofmanyň babasyna töhmet etmedigime ähli eziz-öwliýäleriň adyny aýdyp ant içýärin. Üstesine onuň bar ýoklugyny hem bilmeýärdim we hiç haçan adyny hem eştdmändim.
(Wi, ýene bir zady aýtmaly, ýokaryda agzalan gazet şondan bäri adymy «Twen, Ölileriň Töhmetçisi» diýip ýazýar)
Aradan köp wagt geçmänkä ýene-de bir makala ünsümi özüne çekdi:
—«Meşhur dalaşgär— Düýn agşam Garaşsyzlar mitinginde gazaply nutuk sözlemekçi bolan mister Mark Twen ol ýere öz wagtynda ýetip baryp bilmedi. Mister Tweniň lukmanyndan alynan telegrammada ony köçede çapyp barýan atyň kakyp geçeni, iki ýeriniň töwüleni, onuň juda azap çekýändigi we şuňa meňzeş toslamalar ýazylypdyr. Garaşsyzlar bu ýalan bahanany görkezip özleriniň dalaşgärlige saýlan baryp ýatan kezzap adamynyň gelip bilmezliginiň sebäbini göýä bilmezlige alýarlar. Emma düýn agşam öler ýaly pyýaň bolup bir adamyň mister Mark Tweniň ýaşaýan myhmanhanasyna emekläp girip gidenini gören adamlar bar. Garaşsyzlar nähili ýol bilen hem bolsa şol adamyň mister Mark Twen däldigini subut etmekleri lazym. Ahyry ele düşdi! Indi hiç haýsy hile hem oňa kömek berip bilmez. Ählihalk, bir agyzdan "bu nähili adam?" diýip soraýar»
Gözlerime ynanamok. Meň adym şular ýaly bolgusyz şübhä alynanyna ynanyp bilemok. Üç ýyldan bäri agzyma ne piwo, ne-de wino umuman hiç hili sipirtli içgi almandym.
(Wagtyň geçmegi bilen bulara öwrenişdim öýdýän, çünki gazediň nowbatdaky sanynda özümiň saýlaw komdaniýasynyň ahyryna çenli galjak «Mister Twen, şeraphor» diýen täze lakamymy onçalyk gaharlanman okadym).
Şol günler maňa örän köp golsyz hatlar gelýärdi. Adatça bular ýaly hatlaryň mazmuny aşakdaky ýalydy:
—«Siziň öýüňize sadaka sorap gelen garyp kempiri depip kowup göýbereniňiziň sebäbini nähili düşündirip berýäňiz?»
Ýa-da:
—«Siziň käbir etmişleriňiz häzirlikçe diňe maňa aýan. Size bir näçe dollaryň ornuna kömek edip bilerin, bolmasa gazetler menden köp zatlary bilip almagy mümkin diýip ýazan Hendi Endi»
Galan hatlaram şular ýaly mazmundady. Men bular ýaly mysallary köpläp getirmegim mümkindi welin, emma şularyň özem kitaphana artykmaçlyk eder öýdüp gorkýaryn.
Şol arada respulikaçylar partiýasynyň esasy gazedi meň saýlawçylary satyn almakçy bolanylygymy "paş etdi", demokratlaryň merkezi gazedi bolsa para alyp jenaýat edenligimi "paş etdi".
(Şeýdip men ýene-de iki sany "Twen, saýlawçylary satyn alyjy nejis gallap" we "Twen Towlamaçy" diýen lakamlara ýene boldum)
Soňra barça gazetler üstüme atylan hemme aýplamalara "jogap" talap edip başlanlaryndan soň, meň partiýamyň redaktor we başlyklary mundan soňraky dymmaklygymyň syýasy mertebäme şikes ýetirjekdigini aýtdylar. Ertesi gün edil şony subut etjek bolýan ýaly, we meni gyssamak maksadynda gazetleriň birinde şeýle makala peýda boldy:
—«Ine bu adama bir serediň-a— Garaşsyzlaryň dalaşgäri dymmaklygyny dowam edýär. Elbetde, ol "A" diýip agzyny açyp bilmez. Manyly dymmaklygy oňa ýüklenen aýplamalaryň nähili derejede dogrulygyny subut edip dur. Indi ol bütin ömürine şermende bolup galar. Ynha bu Rezil Kasamhor jenaýatçyny, Montan Ogrusyny, Ölileriň Töhmetçisini, bir tomaşa ediň-a! Özleriňiziň "Şeraphor, Nejis Gallap we Towlamaçyňyza" bir serediň-a! Gowjalap görüp alyňda, özüniň jenaýatlary bilen şunça lakamy alan we aýplamalaryň ýekejesinem ret etmek üçin agzyny açmaga hem gaýrat edip bilmedik şu adam üçin ses berip-bermezligiňizi aýdyň!»
Indi boýun gaçyrmak mümkin däl ýaly, şonuň üçinem özümi ýekerilen hasap edip ana şol hemme bimany töhmetlere "jogap" ýazmaga oturdym. Emma, bu işi tamamlap bilmedim, çünki ýene-de gazetleriň birinde gorkuly, gahar-gazaply toslama peýda bolup galdy. Onda göýä öýümiň penjiresinden seredende tebigat gözelligini bozup durany üçin dälihanany barça dälileri bilen bile ýakyp göýberenim ýazylandy.
Gorka düşdüm.
Soňra daýymyň baýlygyny özleşdirip almak üçin oňa zäher berip öldürenlikde aýplap, gabry açyp görmegi talap etdiler. Dällirärin öýdüp juda gorkdum. Emma, bulam azlyk etdi, meni ýetimler öýüniň başlygy bolan döwürimde, aklyndan azaşan we dişleri dökülen agaýyn-garyndaşlarymy ýetimhanaň nahary bilen bakanlykda aýpladylar. Şondan soňra ýeke setirem "jogap" ýazmaga elim barmady.
Ahyry, maňa duşman partiýanyň hilegärligi ýetjek derejesine ýetdi. Saýlawdan öňki ýygnanyşyk wagtynda kimiňdir biriniň dürtmegi bilen reňkleri her hili bolan dokguz sany garamaýak çaga münbere çykyp, aýaklaryma ýapyşyp aldylar-da, bir agyzdan "Däde" diýip gygyrdylar.
Çydap bilmedim. Baýdagy düşürip boýun egdim. New-Ýork ştatiniň gubernatory wezipesiniň saýlaw komdaniýasyna gatnaşmaga ejizlik etdim. Men öz dalaşgärligimi sanawdan aýryp taşlamagy ýazyp, gahar üstünde ine şeýle gol çekdim:
—«Size hormat bilen bir wagtlar ynsaply adam bolan we häzirki wagtda:
Rezil Kasamhor Jenaýatçy, Montan Ogrusy, Ölileriň Töhmetçisi, Şeraphor we Nejis Gallap — Mark Twen».

Mark TWEN
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir