Ýene 10 ýyldan şeýle boljakmyş:
Gyz tarap oglana sawcy barjakmyş,
Hindileň şol däbi bize geljekmiş.
Begeniň oglanlar, gynanyň gyzlar.

Gyzlaryň yzyndan barmaly dälmiş,
Näzlerini çekip ýörmeli dälmiş,
Galyň diýlen zadam bermeli dälmiş,
Begeniň oglanlar, gynanyň gyzlar.

Bolmasa gyzlaryň okuwam işem,
Aljak dälmiş ony oglanlaň hijem.
Ýaman boldy gyzlar çykmasa bijäň,
Begeniň oglanlar, gynanyň gyzlar.

Ýogsa oglanlary bildiňiz kösäp,
Ugryňyzda ylgap çekdiler azap,
Indi şol zatlara bermeli hasap,
Begeniň oglanlar, gynanyň gyzlar.

Öýlenmedik oglanlaň zamany gelse,
Ýollary açylyp ykbaly gülse,
Ýigitler ýaýnardy şeýleräk bolsa,
Begeniň oglanlar gynanyň gyzlar!

Awtory - Bilemok:)
Goşgyny gowy görüp paýlaşaýdym

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir