Gündizki ukynyň ölüm howpy ýüze çykaryldy
Hytaýyň Guançžou lukmançylyk uniwersitetiniň alymlary gündiz bir sagatdan artyk uklamak ölüm howply diýen netijä geldiler. Bu barada MedicalXpress tarapyndan çap edilen press-relizde aýdyldy diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Barlagçylar 20-den gowrak ylmy işiň maglumatlaryny jemlediler we 39% -i gündiz uklan 313,651 adam hakdaky maglumatlary seljerdiler.
Derňewiň netijesi her gün gündizine bir sagatdan artyk uklaýan adamlaryň ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiliginiň 34%, ähli beýleki sebäplerden ölüm howpunyň bolsa 30% ýokarlanandygyny görkezdi. Uzak wagtlyk gündizki uky diňe tutuş gije-gündiziň dowamynda alty sagatdan köp ýatýanlar üçin howpludyr.
Barlagçylar, umuman alanyňda, islendik dowamlylykdaky gündizki ukynyň ölüm howpuny 19% ýokarlandyrýandygyny mälim etdiler. Şol bir wagtyň özünde, aýallarda we garry adamlarda uky bilen ölüm töwekgelçiliginiň arasyndaky gatnaşyk has aýdyň ýüze çykdy we degişlilikde 22% we 17%-e deň boldy.
Mundan başga-da, Seçenow adyndaky lukmançylyk akademiýasynyň lukmany Mihail Poluektow dynç günleri uzak wagtlap uklamagyň ýadawlygyň we ukynyň ýetmezçiliginiň öwezini dolup biljekdigi baradaky toslamany ýalana çykardy. Onuň sözlerine görä, şeýle dynç alyş düzgüni - ýagny adam dynç günleri iş günlerindäkisinden has köp uklasa, bu agyr keselleriň döremegine getirip biler. Olaryň hatarynda süýji keseli we ýürek-damar ulgamy bilen baglanyşykly keseller bar.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir