Ýürekdeşim, ýüregimdeş..!

"HÜÝRSYPAT GYZA

Gözleň çydamymy synaga salýar,
Sözleň gülle bolup ötýär içimden.
Saňa duşup, haýallady hyýallam,
Saňa duşup, galdym wagtyň göçünden.

Ömrüme gülgüne öwüşgin çaýdyň,
Özüme özümi garşy goýduň sen.
Ýylan ýaly sypyrdym-da geýimim,
Egnime aşyklyk donun geýdim men.

Meýletin şa kyldym göwün tagtyma,
Dünýäni, dünýämi saňa berdim men.
Ýazdym. Ýene ýazdym — ýazma:n bilmedim
Jigerimi talan gözleň derdinden.

Ýylgyrsaň, ýygrylýar diýjek sözlerim,
Ýygrylsaň, ýüregim gyzyp ugraýar.
Ýylgyrşyňy, ýygrylşyňy görmekden
Hergiz mahrum etmäwersin Biribar.

Sapa HOMMADOW"

Salam ýürekdeşim şu setirleri we sözleri okap azajygam bolsa duýgularyñ joş urýan bolsa bilgin ýazylanlaryñ barysy sen hakda. Aýdyşym ýaly ine bu gün, şu pursatda sen hakda oýlanýan. Asyl ýürege ýakyn ynsanyñ barada pikirlenmek ýa-da oýlanmak durmuşyñ biz ynsanlara eçilen özüne ýaraşa lezzeti bolmaly. Emma ol lezzetiñ hem ajy tarapy bar oña aradaşlyk diýilýär. Kim bilýär belki ýürekdeşlige sewäbem aradaşlykdyr?! Bilmedim, hakyt bilýän zadym saña ymykly öwrenşipdirin. Men özimiñ şahyr däldigimi saña ýañzadypdym, eger men şahyrlaryñ älemine girsem kör köpüksiz derwüşden parhym ýokdur oturandyryn ýoluñ gyrasynda ötegçi şahyrlardan birje setir goşga garaşyp, tamakin bolup soramaga çekinip. Eger mende hem şygyr ýazyp biläýjek zehin, duýgulara doly ýürek bolanynda ýokardaky goşgudanda ajaýyp goşga señ gözelligiñi tug edip ýazardym. Emma näme edeýin mende-de bary seni ýatladýan goşgulary, seni ýatlap okamak..
Durmuşda ynsanlar köplenç özleri düşinşip bilýän adama mätäç bolýarlar. Iki ynsanyñ ortasyndaky düşinişmek duýgusy dostluk, söýgi ýaly duýgularyñ berip bilmedik bagtynyñ öwezini dolup bilýän yşkyñ bir görnüşi diýip hasaplaýan. Käte adamlaryñ kalbyna girmäge günler, aýlar, ýyllar sarp edilýär, emma sen meniñ ýüregime ýonekeýje salam berip girdiñ. Tötänden duşdyk, tötänden tanyşdyk indi bolsa ikimizi tanar ýaly bolmady bu yşkyñ derdinden. Duýan bolsañ kalplarmyzyñ iñ töründäki ýatlanylmaýan hat-da barlygam unudylan, berk zynjyrlanyp bekedilen gapylaram indi açylan ýaly. Indi ol geçdi barsyny ýapdym diýen sahypalarymam ýene dörüşdirip oturanymam duýman galypdyryn. Eger bir ýazyjy seni sözler bilen taryp etmekçi bolsa oña iñ owadan sözler gerek bolmaz, sen taryp edilen iñ ýonekeý sözlerem özüñ ýaly gözeldir. Eger bir suratkeş seni taryp edip suratyñy çyzmakçy bolsa oña dürli reñkli galamlar derkar bolmaz, seniñ keşbiñ çyzylan iñ adaty reñksiz galamhem duýgularyñ ýaly reñbe-reñdir. Ýadyñdamy "Saña ynandym emma haýş ynananyma ökündirme" diýipdiñ. Seniñ ynamyñ deñiz bolsa men onuñ kenarydyryn, suw naçe göterilsin ýa çekilsin deñiz guraýança hökmam onuñ bir ýerde kenary hem bolar. Ýagny sen beren ynamyñy yzyna alýançañ men ony daşyndan aýlanyplar goraryn. Saña seredip nämeleri gördüm bilýäñmi, añry ujy gözellik, mähirden doly ýürek umuman aýdanda özine ýar gözleýän aşyk oglanyñ öz arzuwyndaky melikesiniñ ähli gözellikdir hüýr häsiýetleri bardy sende. Aramyzy ýüzläp kilometrler bölýänem bolsa sen meniñ ýüregimdesiñ. Biziñ bedenimizden başka hiçbir zada aradaşlyk öz täsirini ýetirip bilmez. Duýgularmyz, ruhymyz, hyýallarmyz biledir biziñ. Gözlerimi ýumanda sen hemişe ýanymda ýaly duýýan. Belki bir gün hat habarsyz, ses sedasyz bir birimizden aýrylyp gideris. Aramyz uzak bolşy ýaly ruhymyz, duýgularymyzam uzaklaşar. Belki ýyllar ötüp herimiz özümiziñ ýodamyzy taparys. Hamala sen, men, bu günler we bu duýgular bolmadyk ýaly. Emma her haçanam bolsa bagtdan böken ýa-da gamdan ýykylan günimde hökman ýatlaryn seni. Gözlerimi ýumaryn seni görmeklik üçin. Senem hökman, senem hökman bargyn şonda gaşyma. Özüñ nirde bolsañda ruhuñ men bilen bolsun şol gün. Belki şonda dünýä üstime ýykylar seni unudyp bilmänim üçin. Belki bar boljak geljegi bir gyra süýşirip çaglansammyka señ ýanyña? Ýigrimi bir ýyllyk ýaşaýyş durmuşymdan, arzuwlarymdan el çekip dolansammyka ýanyña? Dünýäni bir ýana oklap söýgim üçin barsammyka ýanyña? Belki bir gün şeýderin.., belki hökman şeýderin..!
Seniñ meniñ üçin setir düzip ýazan goşgyñy hijem unutmaryn. Haýsydyr bir ýürekdäki joşýan duýgulara mynasyp bolmak örän uly bagt. Şol bagta meni mynasyp göreniñ üçin senden çäksiz minnetdardyryn. Käbir beýik ynsanlar özine edilýän tarpyna mynasyp bolýarlar, käbirleri bolsa şol edilen taryp sebäpli beýik bolýarlar. Hernäme bolsada meni beýik eden seniñ taryplaryñ bolsyn. Ykbal ýodalary bizleri haýsy duralagañ üstinden düşürjegi belli däl belki-de didar görüşmek nesip eder, belki ömrimiz ahyryna çenli görşüp bilmezlik ýüregimizde düwün bolup ýaşar. Emma hernäme bolanda hem şu durmuşda dünýä ineniñ üçin, bu günlere çenli ömür güzeranynda ýaşap gelýäniñ üçin we meniñ garyp nesibämden çykanlygyñ üçin senden çäksiz minnetdardyryn.
Ýürekdeşim saña "Ýürekdeş" diýmekden göra "Ýüregimdeşim" diýesim gelýär. Sebäbi sen meniñ hem ýüregim hemem ýürekdeşim ýaly. Hemem sen tyg ýaly, otly duýgularyñ bilen ýüregimi deşim-deşim eden ýaly. Ýürekdeşim hamala bütin ömür gözlänim sen ýaly. Bu setirleri ýazmana duýgularymy mejbur eden sen yşkyñ nepis görki ýaly, aradaşlyk aramyzda kese duran, yhlasyñ yhlasymy yşga uran ýaly, sen Leýli men-de bolsam Mejnun ýaly..
Bu setirleri okan ynsanlaryñ hemmesiniñ ýüregi päkdir emma seniñ olardan ornuñ bölekdir ýürekdeşim. Her bir setiri, her bir sözi, her bir harpy ýüregimden syzdyryp yhlasym bilen ýazdym. Sebäbi şuny okan ýürekdeşimiñ ýüregi jyzlasyn diýe, duýgularym nebsimden ýokardalygyny bilsin diýe, özi alyslarda bolsa hem seniñ üçin bar dünýäsini bir gyra oklamaga taýýar bolan bir ynsan barlygyny bilsin diýe, her näme bolanynda hem hiç zada ünis berman seni ýüregimde saklajagymy bilsin diýe we şu setirleri okaýan gözelem öz ýürekdeşini hiç haçan unutmasyn diýe...
Ýürekdeşim.. ýüregimdeşi..!

✏mrokas

Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir