BAGT NÄMEDE?

Şägirt halypasyndan: «Bagt pulda däl» diýen söz näderejede hakykata laýyk gelýär?» diýip sorapdyr.
Halypasy munuň dolulygyna hakykata laýyk gelýändigini aýdypdyr. Muny subut etmekde müşgillik ýok. Çünki, pula düşek satyn alyp bilersiň, emma uky satyn alyp bilmersiň, nahar satyn alyp bilersiň, emma işdä satyn alyp bilmersiň, derman satyn alyp bilersiň, emma saglyk satyn alyp bilmersiň, puluňa hyzmatkär tutunyp bilersiň, emma dost tutunyp bilmersiň... Bulary näçe uzaltsaň, uzaldyp oturmaly.

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir