Salam Gardaşlar!
Men bu mowzugymda käbir internet sahypalaryndan çöplenen gysgajyk goşgulary size ýetirmekçi. Soň bulary söýýän gyzyňyza aýdyp berseňiz ýüzüne gülki çaýyljagyna kepil geçýärin. Hany onda başladym!

Ýyldyzlar gijeleñki,
Tikenler gülleriñki.
Bu gözellikler ýazlaryñky,
Ýöne diñe sen meñki!
****
Asmanymda lember lember bulutsuñ,
Söýen göwnim seni nädip unutsun!
****
Gijemidir adamy gynandyrýan?
Ýa-da adammy gynanmak üçin gija garaşýan?
Gijemidir seni mana ýatladýan?
Ýada menmi seni yatlamak üçin gija garaşýan.
****
Gülüm diýsem solup gidersiň.
Guşum diýsem uçyp gidersiň,
Ayym diysem yitip gidersiň,
Aklym diýsem ýatdan çykarsyn.
Indi näme diýip ýüzlenjegimi bilemokda..
.(Islendik gyzyň adyny ýazaýyň)
****
Saryja gülüm, Sen meniñ bilbilim,
Meñ aklymy aldy señ mawy gözleriñ,
Aýrylyp bilemok ine men señki,
Dodaklaryñ gyzyl reñki, bolaýmaly meñki.
****
Men saña aýdaýyn unutma şunam.
Bilýän hossarlaryña gereksiñ senem,
Ýöne seni söýüp ýaşaýan menem.
Şonuñ üçin ýaşa-ýaşa meniň üçin.
****
Ömrüm saňa bagly,
Sensiz elim bagly.
Sensiz gözüm agly,
Sensiz gülme gally.
****
Salam haty,
Görme gaty.
Görseñ gaty,
Ýyrtaý haty.
****
Alan alanyñky, tapan tapanyñky,
Kim birinji yetişse Perhat şonuňky!

*Käbir saýtlaryň Pikirler bölüminden çöplän - Perhat Sabirovv

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir