«Türkmenhowaýollarynyň» ýene-de bir ýörite uçuşy Belarus döwletinde okuwyny tamamlan türkmen talyplaryny, şeýle hem bu döwletde saglygy bilen bagly bejergi alan watandaşlarymyzy Türkmenistana dolap getirdi.

«Boeing-777» howa gämisi awgustyň 23-inden 24-ine geçilýän gije Türkmenabadyň halkara howa menziline gondy.
«Minsk — Türkmenabat» ýörite uçuşy 247 sany Türkmenistanyň raýatyny getirdi. Olar, esasan, Belarus döwlet uniwersiteti, Belarus milli tehniki uniwersiteti, Maksim Tanka adyndaky döwlet mugallymçylyk uniwersiteti, Döwlet lukmançylyk uniwersiteti ýokary okuw mekdeplerini tamamlan uçurymlar.
Belläp geçsek, ýörite uçuşa münülende, termometriýa we fiziki aralygy saklamak bilen bilelikde, sanitariýa we epidemiologik talaplaryň ählisi berjaý edildi. Ýolagçylar ýurdumyza gelen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginde karantine alnar. Şondan soň, olar öýlerinde belli bir wagta çenli maşgala lukmanynyň garamagynda bolarlar.
Türkmenistanyň Belarus döwletindäki ilçisi Nazarguly Şagulyýewiň aýtmagyna görä, türkmen ilçihanasynyň işgärleri watandaşlarymyzy ýurdumyza getirmek üçin uly iş bitirdiler.
Ýakyn wagtda Dubaýdan we Moskwadan türkmen raýatlaryny Watanymyza getirmek üçin ýörite uçuşlar guralar.
Öň habar berşimiz ýaly, Hindistanda galan türkmenler ýörite uçar bilen ýurdumyza getirildi.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir