—Gyzym, düşeklerimi ataweri, ýataýyn men...
Sadap edaly gepledi:
—Bolýa, kaka... Çaýam-a demläp goýupdym...
—Aý, ýok, çaý meýlim ýok—diýip, Myrat aga içki jaýa geçensoň jogap gaýtardy.—Olarda çaý içme keýpinden çykdyk.
Sadabyň ejesi Abat daýza bilesigelijilik bilen adamsyna ýüzlendi:
—Goňşular nämä çagyrypdyrlar? Eýgilikmi?
Myrat aga bir çete labyryny goýberip, ynjalykly ornaşyp durşuna birbada özbaşyna hüňürdedi:
—Ha-aý... Ogul bolsa-da, gyz bolsa-da, ile-güne meňzeş, ibalysyny berewersin...
—Näme, bir bolmasy iş bolupmy?—diýip, Abat daýza ýene howlukmaç sorady.
—Aý, şü... Sylap heläk edýä olary—diýip, Myrat aga ýene açyk bir zat pyşgyrybermedi.—Gurban-a, hakyt, sakgalynyň agy bilen aglap otyr! Heý, toba!
—Be... Sylap jan bir edepli ýigit ýaly-la?—diýip, Abat daýza gürrüňiň tükelini eşitmäge howlukdy.—Daşyndan-a adam ynjytjak ýigit däl ol...
Myrat aga agras gepledi:
—Adam ynjytmasa-da, ene-atasyny ynjydýa şo. Meň-ä juda gaharym geldi oňa. Gaty görenem bolsa, biljek däl, gaharyma birki agyz diýmänem durmadym.
Abat daýza elini ýakasyna ýetirdi:
—Hih, çal! Birdenikgä agramly söz aýdyp, kişiň çagasyna ýigrenji bolup ýörmäweri sen. Ne işiň iliň dawasyna goşulyp!
Myrat aga gaharlandy:
—Janyň ýanýa-how, janyň ýanýa! Ak sakgally atasyna ýüregi awanok oň. Betligem-ä gowy däl welin, gaty ýuwaşlygam ibaly zat däl eken! Ne «hä» diýýä, ne «hawa». Otyr lal bolup!
—Näme Gurban aga dagy öýeräýsek diýýärlermi ony?—diýip, Abat daýza adamsyny gepiň ugruna kowdy.
—Öýermelisin-ä ony birmahallar öýermelidi—diýip, Myrat aga uludan dem aldy.—Adamzat nesli ýöremeli ahyr... Gurban goňşy bir salykatlyrak ýeri göz astyna alyp ugraýsam diýip sala salýar welin... teý, sesi çykmasa näme o näteňenälediň!
Abat daýza ýakasyna elini ýetirdi:
—Hakyt, ýeke sözem diýenokmy?
Myrat aga başyny ýaýkady:
—Eger-eger...
—Toba tagsyr, toba tagsyr—diýip, Abat daýza ýakasyny towlam-towlam edip oturyşyna, adamsyny öz ugruna kowdy.—«Ýere bakandan, ýer gorkar» diýenleri-dä!
—Geplemän iç ýakýan eken ol—diýip, Myrat aga dowam etdi.—Tüýs soky daşyň bar-da! Beýle dymmadan-a eline taýak alyp, düwläp duranam müň paý gowudyr. Häk, Gurban goňşy oňaranok-da. Eliňe degerliräk zat al-da, geç-dä daşyna!
—heý, wi... aý, oglan!—diýip, Abat daýza Myrat aganyň bu sözlerine öz daşyna geçilip barylýan dek bolup gygyrdy.—Urup bolmaz-a ony. Uly adam ahyry indi. Ile ýolbaşçy bolup ýör-ä!
Myrat aga gahar bilen elini silkip goýberdi:
—Aý, goýsan-aý senem, heleý... Özi ulam bolsa, hakyly kiçiniňkiçe-de ýok eken şoň!
Adamsynyň gaharynyň gelenini duýdumy-nämemi, Abat daýza:
—Heýlemi!..—diýdi-de, gaýdyp sesini çykarmady.
—Gurban goňşyňkam aňsat däl—diýip, Myrat aga özbaşyna hüňürdedi.—Uly şeýdip, öňlerini baglap otursa, kiçileriniňem bagty açyljak däl-ä... Goňşyň Sylapdan soňky çagalaram öý-işik
borluk derejä ýetipdirler... Bazary sowulmanka, olaram ile goşmaly.—Şeý diýip, Myrat aga sözüne birneme dyngy berdi. Soň ýene dowam etdi.—Menem halys gaharyma çydaman: «Sen-hw, köşek, lal bolmasaň, ataňa bir zat diý ahyr, beýdip soky daşy ýaly bolup oturma!» diýip gygyrdym.
—Heý-wi!..—diýip, Abat daýza ýene ellerini ýakasyna ýetirdi.—heýem, iliň çagasyna şeý diýerlermi?!
—Diýjek!—diýip, Myrat aga onuň sözlerini agzyndan kakyp aldy.—Gaty gitse, beterräginem diýerin! Gurban goňşy bilen nije ýyl bäri agyryşman-ynjaşman, dogan ýaly bolup gatnaşyp otyrys. Atasyny käýeden çagy onuň çagalaryna käýemäge hakym bar meňňem. Onsoňam, asyl Gurban goňşyň özem meni hut Sylaba birki agyz diýdirmek üçin çagyran eken...
Abat daýza baş atyp, pessaý ses bilen makullady:
—Hüm... Asyl şeý diýsene...
—Hawa...
—Ýeri, onsoň, Sylap seň diýeniň bilen bir gepe gulak saldymy?
—Islänimiz-ä çykmady ondan...—diýip, Myrat aga ýene gepiň netijesini aýtmaga howlukmady.—Ýöne dil-ä açdy.
—Näme diýdi dil açyp?—diýip, Abat daýza howlukdy.—Heý, pyşgyran zady boldumy?
—Boldy—diýip, Myrat aga uludan dem aldy.—«Men rugsat berýän, kiçileri öýerip-çykaryberiň» diýdi.
«Hih!» edip, Abat daýza içini çekdi:
—Daş edewersin! Indi utanmajakmyka... şo syraty bilen... Toba-toba, gulak eşitse-de, göz bir görmäwersin! Ogul berse-de, gyz berse-de, ibalysyny berewersin!
Şundan soň Sadabyň ejesi-kakasynyň ikisem dymdy. Ses-üýn çykmady. Içerde çyra öçdi. Sadap eline işini alyp, gabatdaky jaýda çökdi. Gulagyny ejesi dagynyň ýatan jaýyndan aýyrmady. Diňşirgendi oturdy. Birhaýukdan soň çalaja açyk duran gapydan Abat daýzanyň ýeriň aşagyndan eşidilýän ýaly hüňürdisi geldi:
—Men saňa bir zat aýdaýyn weli, çal, eger bir ýerde diliňden sypdyrsaň-a... hijimize abraý-a bolmaz!
—Ýak, senem, heleý!—diýip, Myrat aga gaharly hüňürdedi.—Şu ömre çenli tanarçarak bolansyň-la meni!
Abat daýza pessaý pyşyrdy bilen Sadabyň eşidip ýören aýylganç gürrüňini gaýtalady:
—Şoň öýlenerlik ýagdaýy ýok ýaly-la, çal!
Bu habar Myrat aganyň gulagynyň düýbünde top atylan ýaly etdi. Ol:
—Eý-ho!—diýip, seslendi.—Ýak, heleý, seňňem tapyp ýören zatlaň-ňaýt!—diýibem, bu habara ynanasynyň gelmeýänini duýdurdy.—Heý, şeýle-de bir zat bormy!
—Aýallar aýdýa—diýip, Abat daýza sözüni tassyklamak üçin janykdy.
—Aýallar aýdýan bolsa, dogrudyr—diýip, Myrat aga kinaýaly gepledi.—Aýallar nädürs zat aýtmaz!.. Pahaý-da welin... Tapyp ýören zatlaryna sered-ä bularyň!
—Eger çynym, ynanaý, çal!—diýip, Abat daýza barha janygyp, ýene delil gözledi.—Diňe aýallar däl, hemmelerem diýýä!
Myrat aga azmly gepledi:
—Kim diýse-de, sen lal bol! Goňşy bolup otyrys. Bizden çykanyny bilseler, goňşular näder!.. Haý, akylsyz heleý! Il ugruna yňyp ýörme. Ilde-günde aýdan-diýen kän bolar!
Abat daýza gaýdyp sesini çykarmady. Myrat aga soňra özbaşyna hüňürdedi:
—Be... Bendäniň çagasy asyl lal-jimler bolup otyr diýýän-le... Ýa bi gepleň aňyrsynda bir zatlar bar bolaýmasyn...
Şunuň bilen Sylaply gürrüň tamam boldy.
Gürrüňlerden ýaňa Sadabyň kellesi gum dykylana döndi. Sylap hakda diýilýän gepler onuň gaharyny getirdi. Bu diýilýän zatlara onuň birjigem ynanasy gelenokdy. «Ilde-günde görip kän, bir garaýüregiň tapyp ýören zadydyr-da, onuň köp wagtlap eýlenmän ýöreni üçin aýdaýandyrlar» diýip, öz-özüni ynandyrmaga çalyşdy.
Kolhozçy gyzlaryň arasynda bolsa, ýene Sylap hakda täze gürrüň ýaýrady:
—Sylap okaýarka, bir gowy gyz bilen halaşanmyş. Ýöne ol gyz biwepa bolup çykanmyş.
Sylabam ony şeýle bir gowy görenmiş welin, indi hut şol gyza meňzeş gyzy tapýança öýlenjek dälmiş—diýşip, gyzlar erteki aýdyşýan dek bolup, täze gürrüňe barha gyzýardylar.
Hatda bu gürrüň ýaýrandan soň, Sylaba göwün ýüwürdýän gyzlar ýene onuň alnyndan bezenip-beslenip çykmaga-da başladylar.
Gurban aga-da uly oglunyň agzyna gaýdyp aňkarylmady. Sylapdan kiçi çagalarynyň öýermelisini öýerdi, çykarmalysyny çykardy.
Sadap bolsa yşkyň heserinden saralyp-soldy. Nä alaçlar etjegini bilmän urunýardy. Gijeler kirpigini kirpigine gatman çykýardy. Oba gyzynyň ýüreginde çyn söýgi at salýardy!
Günleriň bir güni Sadap ýüregine daş baglap, Sylabyň çykan jigisi Bibiniňkä gitdi. Ýüzi kül urlan ýalydy, solukdy. Eginlerinden daş asylan dek, agras dem alýardy. Onuň gamaşyp duran ýüzüni görüp, Bibiniň sussy basyldy.
—Eýgilikmi, Sadap, ýüzüň-gözüň salypsyň-la?—diýip, ol myhmany öýe girmänkä howlugyp sorady.
Sadap gepi birbada nämeden başlajagyny bilmedi. Haslap-haslap zol uludan dem aldy. Keçe dyrmalady. Ýüzi lap-lap gyzdy. Özüniň düşüp ýören gününe kemsinip, dodaklary tirpildedi. Gözlerinden ýaş damjalary togalanyp gaýtdy. Onuň bu bolşy Bibiniň zähresini ýardy. Ol ýüregini howladyp, Sadabyň eginlerine ýapyşdy:
—Ýa öýde bir bolmasy iş boldumy, Sadap?
Bibiniň gorkudan tegelenen gözlerini görensoň, Sadap özüniň telek iş edenini duýdy. Aglap, Bibini gorkuzanyna öz-özüne käýindi. Özüni dürsedi.
—Sen howsala düşme!—diýip, gözýaşlaryny süpürip oturyşyna agras gepledi.—Öýde bar zat gül ýaly. Men öz günüm üçin aglaýan...
Bibi uludan dem alyp, beýläk çekildi:
—Wah-eý, saglyk bolsa bolýa-la gyz! Galan zadyň alajy bor-la. Öýde bir bolmasy iş ýüze çykaýdymyka diýip, zähräm ýaryldy.
Sadap pessaý ses bilen ýene öňki diýenlerini nygtady:
—Ýok-la... Öýde imi-salalyk...
Şeý diýibem, ol eginlerini

Dowamy bar

Ogulsenem Taňňyýewa

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir