Essalowmaleykim gadrly dost, doganlar inede ýewropa çempionlar ligasynyñ final duşuşygyna-da sag-salamat ýetip geldik. Takmyn edişimiz ýaly "PSJ" toparyny ýeñmegi başaran "Nemis ulagy" çempionlygy öz adyna resmileşdirdi.

UEFA Çempionlar Ligasy Final
23/08/2020

PSJ      0:1      Bawariýa
                          Kingsli Koman - 59'

Stadion: Estadio da Luiz
Baş emin: Daniele Orsato

"Oýun barada gysgaça aýtsam duşuşyk iki tarapyñ güýçleriniñ deñliginde geçdi. Käte "Bawariýa" topary pressiñ ulanan bolsa öz gezeginde "PSJ" topary hem wagty-wagty bilen pressiñ ulandy. "PSJ" toparynda hem birnäçe gol urmaga mümkinçilikler boldy. Mabappede aç-açan gola ýakyn üç sany mümkinçilik boldy. Neýmarda hem iki sany we Di Mariýa diýerli Noýer bilen ýüzme-ýüz ýagdaýda dörän mümkinçiligi örän ýalñyş urgy bilen göge sowurdy. Elbetde "Bawariýa" toparynda hem birnäçe mümkinçilikler boldy emma hasaby açmagy diñe Kingsli Komana miýesser etdirdi. Şeýlelik bilen deñ göreşler bilen geçen duşuşykda minimal hasap bilen "Bawariýa" topary ýeñiji boldy.

Sport, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir