Boş wagty zähmet bilen doldurmak
Durmuşda öňlerine maksat goýmadyk, eli boş, işsiz, hünärsiz, başarnyksyz
adamlar arhiwlere siňip galan çaň-tozanlar bilen barabardyr. Çünki olaryň aňlary,
zehinleri boş.
Zehiniň iň hatarly halaty adamyň işsiz oturýan pursadydyr. Ol şol wagt
sürüjisi bolmadyk we ýokary tizlikde öňe myçyp barýan ulaga meňzeş. Onuň iki-
baka çaýkanyp, kertden agdarylmagy hem ahmal.
Durmuşda işsiz, boş oturjak wagtlaryň ýüze çyksa, onda haýsydyr bir gaýgy-
gamlara, aladalara, gorkulara taýýarlan. Sebäbi bu boşluk durmuş tekjelerine siňen,
geçmişiň, häziriň we geljegiň ähli zyňyndylaryny saňa tarap magnit ýaly dartyp
başlar welin, sen çykgynsyz bir ýagdaýa uçrarsyň. Saňa-da, özüme-de pent bolsun,
bu batyl işsizlge derek netijeli bir amala meşgullan. Dynç almaklyga magrur
bolma-da, zähmete daýan. Ýeri gelende ýatlasak, işsiz, boş oturmagam özüňi diri
gömmekligiň gizlin görnüşidir, kem-kemden köşeşdiriji däri-derman (kapsula)
bilen öz janyňa kast etmeklige barabardyr.
Boş oturmaklyk Çyn-Maçyn türmelerinde günäkäre berilýän, "haýal jeza"
diýilýän azaba meňzeş. Bu ýerdäki bendileri turbadan käwagt bir damýan
damjanyň astyna baglap goýýarlar. Indiki damja çenli garaşyp-garaşyp, bendi
dälilik hetdine ýetýär.
Aşa rahatlyk ­ gapyllykdyr. Boş wagt ­ kesbine ussat ugurtapyjy ogrudyr.
Seniň akylyň bolsa şol gapyllykda ­ aň garpyşygynda elden giderlen we
parçalanan awdyr.
Onda, edil şu wagt ýeriňden galk-da namazyňy bitir ýa-da kitap oka, ýa-da
tesbih aýt, ýa-da tebigata göz aýla, ýa-da bir zatlar ýaz, ýa-da iş stoluňy tertibe sal,
ýa-da öýüň içerisini tämizle, ýa-da kimdir birine kömekleş, özgeleriň derdine ýara
­ ýöne boş oturma. Bu menden saňa pent bolsun!
Peýdaly işe güýmen we wagtyňy boş geçirmejek bol. Muňa derek dünýä
lukmanlary saňa duýdansyz gelýän bagtyň 50%-ini kepil geçýärler. Daýhanlara,
maldarlara, gurluşykçylara seret, edil bagtdan gözi ganan guşlar ýaly jürküldeşip,
ruhy rahatlygyň we bagtyýarlygyň içinde aýdyma hiňlenip ýörendirler. Sebäbi olar
elmydama bir hereketde, iş başynda, sen bolsa düşegiňde gözüň ýaşyny akdyryp,
iki ýana agdarylyp, beýle bagtdan binesip ýaly ýatyrsyň. Sebäbi sen özüňi boş
wagtyň apysyna zäherledipsiň.

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir