Koronawirus näme?

Bu wirus koronawirus maşgalasyna degişli bolup, umumy sowuklamany we SARS hem-de MERS wiruslaryny öz içine alýar.

2019-njy ýylyň dekabr aýynyň 31-ne Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna (BSGG) Hytaýyň Hubei welaýatynyň Wuhan şäherinde birnäçe öýken sowuklamasynyň (pnewmoniýa) hasaba alnandygy habar berilýär. Sowuklamanyň bu wirusy tanalýan wiruslaryň hijisine meňzeş däldi. Bu uly howsala döretdi, çünki haçanda täze wirusa gabat gelnende, biz onuň adamlara nähili täsir edýändigini bilmeýäris.

Bir hepde soňra, 7-nji ýanwarda Hytaý hökümeti täze wirusyň tapylandygyny tassyklady. Bu täze wirusa wagtlaýynça "2019-nCoV" ady berildi.

Nätanyş koronawirus näme?

Nätanyş koronawirus (CoV) koronawirusyň öň adamlarda gabat gelinmedik görnüşidir.

Nätanyş koronawirus adamlara haýwanlardan ýokuşyp bilýärmi?

Jikme-jik derňewler 2002-nji ýylda Hytaýda SARS-CoV wirusynyň siwet pişiklerinden adamlara geçendigini, 2012-nji ýylda Saud Arabystanda MERS-CoV wirusynyň ýeke örküçli düýelerden adamlara geçendigini anyklady. Koronawirusyň haýwanlaryň arasynda ýaýran birnäçe tanyş görnüşi heniz adamlara ýokuşyp görmedi. Dünýä ýüzünde gözegçilik berkedigiçe koronawirusyň has köp görnüşi anyklanylsa gerek.

Koronawirus ýokuşan adamda nähili alamatlar bolýar?

Bu wirusyň görnüşine bagly, emma köp duşýan alamatlara gyzzyrma, üsgülewük, demgysma, we dem alyş bilen baglanyşykly kynçylyklar degişli. Kesel ýaramazlaşan ýagdaýynda pnewmoniýa, agyr dem alyş ýollarynyň kesellerine, ýiti böwrek näsazlyklaryna, hatda ölüme hem eltip bilýär.

Koronawirus adamdan adama ýokuşyp bilýärmi?

Hawa, koronawirusyň käbir görnüşleri adamdan adama ýokuşyp bilýär. Bu köplenç keselli adama ýakynlaşanyňda ýokuşýar. Meselem, öýüň içinde, iş ýerinde ýa-da saglyk merkezinde.

Nätanyş koronawirusyň waksinasy barmy?

Täze dörän keseliň waksinasy bolmaýar. Täze waksinany oýlap tapmak birnäçe ýyl wagt alyp bilýär.

Nätanyş koronawirusyň bejergisi barmy?

Nätanyş koronawirus sebäpli dörän keseliň belli bir bejergisi ýok. Emma alamatlaryň köpüsini bejerip bolýar, şol sebäpli hem bejergi näsagyň kliniki ýagdaýyna bagly bolýar. Şeýle-de, öňüni alyş çäreleri we goldaw bu wirus ýokuşan adamlara uly peýda berýär.

Men bu wirusdan nädip goranyp bilerin?

Wirusdan goranmak üçin adatça şu maslahatlar berilýär:

↪ Ýokuşýan kesellerden daş durmak;

↪ Elleriňi we dem alyş ýollaryňy arassa saklamak;

↪ Iýmitiň arassalygyna we täzeligine ünsli çemeleşmek;

↪ Dem alyş ýollarynyň keselleriniň alamatlaryny (üsgürmek, asgyrmak) görkezýän adamlara ýakynlaşmazlyk.

Lukmançylyk işgärlerine koronawirus ýokuşyp bilýärmi?

Hawa, çünki olar näsaglara has köp ýakynlaşmaly bolýarlar. BSGG lukmançylyk işgärlerine ýokuşmanyň öňüni alyş we dolandyryş çärelerini dowamly ýerine ýetirmegi maslahat berýär.

BSGG ýurtlara näme maslahat berýär?

BSGG ähli ýurtlara dem alyş ýollarynyň ýokuşmalarynyň gözegçiligini ösdürmegi we bu keselleriň adaty bolmadyk ýagdaýlaryna, pnewmoniýa, ýa-da şübheli ýa tassyklanan nätanyş koronawirusa gabat gelnende BSGG-a habar bermegi maslahat berýär. Ähli ýurtlara Halkara Saglygy Goraýyş Tertibine (2005) laýyklykda adatdan daşary saglyk hadysalaryna taýýarlygy güýçlendirmegi dowam etmegi maslahat berýär.

Men tanalýan koronawirus hakynda goşmaça maglumaty nireden tapyp bilerin?

MERS-CoV barada goşmaça maglumaty şu ýerden, SARS-CoV barada goşmaça maglumaty bu ýerden öwrenip bilersiňiz.

Koronawirus nä dereje howply?

2019-nCoV hem beýleki dem alyş ýollarynyň keselleri ýaly alamatlary görkezýär: burnuň akmagy, bokurdagyň agyrmagy, üsgülewik, we gyzzyrma. Bu käbir adamlara has ýaramaz täsir edip, pnewmoniýa ýa-da dem alyş kynçylyklaryna eltip bilýär. Käte ölüme hem eltip bilýär. Ýaşululara we saglygy gowşak adamlara (süýji keselli, ýürek keselli) bu wirus has agyr degip bilýär.

Maňa 2019-nCoV wirusy öýümde saklaýan haýwanymdan geçip bilýärmi?

Ýok. Häzirki wagtda güjükdir pişik ýaly öý haýwanlaryna wirusyň ýokuşandygy ýa-da olaryň wirusy ýaýradýandygy barada hiç hili subutnama ýok.

Men bu wirusdan nädip goranyp bilerin?

BSGG websaýtyndan wirus barada iň soňky habarlary alyp duruň we aşakdakylary ýerine ýetirmek arkaly saglygyňyzy goraň:

◉ Elleriňizi ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwuň ýa-da spirtli süpürgiçler bilen süpüriň.

Näme üçin? Elleriňi sabyn we suw bilen ýuwmak ýa-da spirtli süpürgiç bilen süpürmek elleriňize düşen wirusy aýyrýar.

◉ Sosial daşlygy saklaň – başga adamlar bilen araňyzda azyndan 1 metr uzaklyk saklaň, esasan hem üsgürýän, asgyrýan, we gyzzyrýan adamlar bilen.

Näme üçin? Haçanda 2019-nCoV wirusy ýaly wirus bilen kesellän adam üsgürse ýa asgyrsa, ol düzüminde wirusy saklaýan kinniwanja suw damjalaryny syçradýar. Eger siz ol adama ýakyn duran bolsaňyz, wirusy demiňiz bilen sorup bilýärsiňiz.

◉ Gözleriňizi, burnuňyzy, we agzyňyzy ellemekden saklanyň.

Näme üçin? Eller wirusyň düşen bolmagy mümkin bolan birtopar ýeri elleýärler. Eger wirus degen elleriňiz bilen gözleriňizi, burnuňyzy, we agzyňyzy elleseňiz wirusy öz eliňiz bilen özüňize ýokuşdyrýarsyňyz.

◉ Eger sizde gyzzyrma, üsgülewik, ýa-da dem alyş kynçylyklary döräp başlasa, wagtynda lukmana ýüz tutuň. Eger Hytaýda 2019-nCoV wirusynyň hasaba alnan ýerlerine syýahat eden bolsaňyz ýa-da Hytaýdan gelen we dem alyş ýollarynyň keselleriniň alamatlaryny görkezýän birine ýakynlaşan bolsaňyz, bu barada lukmana duýduryň.

Näme üçin? Islendik wagt gyzzyrma, üsgülewik, we dem alyş kynçylyklary ýüze çykanda haýal etmän lukmançylyk kömegini gözlemek möhümdir. Sebäbi bu alamatlar dem alyş ýollarynyň infeksiýasyndan ýa-da beýleki çynlakaý saglyk ýagdaýlaryndan habar berip biler. Gyzzyrma bilen dem alyş kynçylyklarynyň bile döremeginiň birnäçe sebäbi bolup bilýär we onuň siziň şahsy syýahatlaryňyza we ýagdaýyňyza baglylykda 2019-nCoV bolmagy hem ähtimal.

◉ Eger-de sizde dem alyş ýollarynyň ýüzleý alamatlary bar bolsa we ýakynda Hytaýa syýahat etmedik bolsaňyz, onda dem alyş ýollarynyň we elleriň esasy gigiýenasyny berjaý ediň we doly sagalýançaňyz öýden çykmajak boluň.

Antibiotikler bilen 2019-nCoV wirusynyň öňüni alyp we bejerip bolýarmy?

Ýok. Antibiotikler wiruslara garşy göreşmeýärler. Olar diňe bakteriýalaryň döredýän infeksiýalaryna garşy göreşýärler. Nätanyş koronawirusyň wirusdygy sebäpli ony bejermek ýa öňüni almak üçin antibiotikler ulanylmaly däl.

2019-nCoV wirusynyň öňüni almak ýa-da bejermek üçin aýratyn derman barmy?

Henize çenli nätanyş koronawirusyň öňüni almak ýa-da bejermek üçin maslahat berilýän ýörite derman ýok. Emma 2019-nCoV wirusy bilen kesellän adamlar ynjalmak we alamatlardan saplanmak üçin ýerlikli ideg almaly. Agyr kesellänler bolsa, ýokary derejeli lukmançylyk kömegini almaly. Käbir ýörite bejergiler derňelýär we kliniki barlaglardan geçiriler. BSGG birnäçe hyzmatdaşlary bilen bilelikde nCoV wirusyny bejermek üçin derman oýlap tapmak ugrunda tagallalar edýär.

Eger siz özüňizi täze koronawirusdan goramak isleseňiz, elleriň we dem alyş ýollarynyň esasy gigiýenasyny berjaý etmeli. Şeýle-de, iýmitiň arassaçylygyna üns bermeli we mümkin boldugyça üsgürmek we asgyrmak ýaly dem alyş ýollarynyň keselleriniň alamatlaryny görkezýän adamlardan uzak durmaly.

Aşakdaky usullar ýörite 2019-nCoV wirusyna garşy göreşmek üçin maslahat berilmeýär. Çünki olar bilen özüňi gorap bolmaýar, tersine olar zyýan edip bilýärler:

◈ Witamin C kabul etmek;

◈ Çilim çekmek;

◈ Ot çaýlary içmek;

◈ Birnäçe maskany bilelikde geýmek;

◈ Öz-özüň derman içmek (meselem antibiotikler).

Her hili ýagdaýda-da, eger gyzzyrma, üsgülewik, we dem alyş kynçylyklary dörese wagtynda lukmana ýüz tutuň we ýagdaýyňyzyň has çynlakaý infeksiýa öwrülmeginiň töwekgelçiligini azaldyň. Lukmanyňyza ýakynda syýahat eden ýerleriňiz barada aýtmagy hem unutmaň.

Karantin diýmek namedir?

Karantin – bu belli bir keseliň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen adamlaryň we önümleriň erkin hereketini çäklendirmekdir. Köplenç ýokanç kesel bilen kesellän bolmagy ähtimal emma medisina barlagy tassyklanmadyk adamlaryň keseli ýaýratmazlygy üçin hereketlerine çäklendirme goýulýar.

Karantin sözi 17-nji asyrdaky italýan diliniň Wenesiýa görnüşiniň "quaranta giorni" jümlesinden gelip çykýar. Bu jümle "kyrk gün" manysyny berip, Gara Ölüm epidemiýasy döwründe ýolagçylar we deňizçiler gury ýere gelmezden öňürti ähli gämileriň kyrk günläp çetleşdirilmegi üçin ulanylypdyr.

Häzirki döwürde karantin yglan edilende raýat hukuklary sorag astyna alynýar, esasan hem adamlar jemgyýetden uzak wagtlap çetleşdirilende.
Çäklendiriji çäreler (karantin) – ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen hem-de hojalyk we beýleki işleriň aýratyn tertibini göz öňünde tutýan, ilatyň, ulag serişdeleriniň, ýükleriň, harytlaryň we mallaryň ondan-oňa göçmegini çäklendirýän edara ediş, lukmançylyk-sanitariýa, weterinariýa we beýleki çäreler.

15-nji madda: Daşky gurşawyň ýagdaýy üýtgän halatynda (keselçilik, epidemiýa, radiasiýa) Türkmenistanyň her bir raýatynyň bu barada maglumat we saglygy goraýyş maslahatlaryny almaga hukugy bar.

86-njy madda: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy sanitariýa-gigiýena we epidemiýa ýagdaýlary dörände onuň çärelerini işläp düzmäge, adamlaryň jany we saglygy üçin howply bolup, ilatyň ýaşamagy, oba hojalyk we beýleki hojalyk işlerini alyp barmagy gadagan edilen çäkleri kesgitlemäge;Türkmenistanyň çägini infeksiýalaryň getirilmeginden we olaryň ýaýramagyndan sanitariýa taýdan goramaga, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmäge borçludyr.

Çeşme: Q&A on Coronoviruses / Türkmenistanyň Sanitariýa Kodeksi

Makala www.saglyk.org saýtyndan alyndy!

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir