Täze ýyl baýramçylygy çagalar üçin sowgat baýramçylygydyr.Bu ajaýyp baýramçylykda çagalaryň arzyly Aýazbabadan,öz ene-atalaryndan,deň-duşlarydyr dostlaryndan gutlag,sowgat almaýany,megerem,ýok bolsa gerek.
* * *
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilkinji çykaran şaýysy kümüş dollar bolupdyr.Ol 1794-nji ýylda döredilipdir.
* * *
Günorta-Hytaý deňziniň tutýan meýdany 2 974 600 kwadrat kilometrdir.
* * *
Dünýäde ösümlikleriň takmynan 500 müň görnüşi bar.
* * *
Täze ýyl baýramçylygy dünýäniň ähli halklarynda diýen ýaly maşgala baýramçylygy hasaplanylýar.Täze ýyl gijesi -ýyl çalşygynda maşgala agzalarynyň hemmesi maşgala saçagynyň başynda,öz öý-ojaklarynda bolmaga çalyşýarlar.
* * *
Täze ýyl arçasyny zerli jäjekler,ýalpyldawuk oýnawaçlar,lowurdaýan çyrajyklar bilen bezemek indi tutuş dünýä halklarynyň hemmesine diýen ýaly mahsus.Çünki ähli halklarda hem çagalar-ýaş nesil söýülýär,gowy görülýär.Çagalar bolsa owadan,ýalpyldaýan,lowurdaýan,özüne çekiji gözellikleri halaýarlar.
* * *
70 kilogram agramdaky adamyň bedeninde 150-180 gram nahar duzy bar.
* * *
Ýewropada iň ýelli ýer Şotlandiýadyr.Bu ýerde Ýewropanyň ähli ýel güýç serişdeleriniň 25 göterimi jemlenendir.
* * *
2738-nji ýylyň Noýabr aýynyň 28-inde biziň eýýamymyzyň millionynjy güni belleniler.
* * *
Perunyň paýtagty okeanyň ýakasyndaky gurak çöllükde ýerleşýär.Bu ýerde ýagyş ýagmaýar diýen ýaly.Paýtagta bir ýylda 37 millimetr ýagyn ýagýar.
* * *
Adam bir ýylda ortaça 84 million sapar gözüni gyrpýar.

Bilim, Waharman tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir