Türkmenistanda ýol hereketleri boýunça düzgün bozulmalara bellenilýän jerimeleriň sanawy
Köçe-ýol hereketleri boýunça sowatlylygynyzy artdyrmak, öz hukuklarynyza we borçlarynyza düsünmek, Türkmenistanyn Içeri isler ministrliginin Polisiýanyn ýol gözegçiligi gullugynyn wekili bilen dususykda ynamlylyk üçin size su maglumatlar peýdaly bolar. Bu maglumatlary türkmen we rus dillerinde gysga hem-de onaýly görnüsde su ýerden alyp bilersiniz!

210m

Ulag serisdelerinin sürüjileri tarapyndan ýol hereketinin howpsuzlygyna wehim salýan tehniki näsazlyklary bolan, ýagny duruzys ulgamy, rul dolandyrysy we dartyjy-birlesdiriji enjamlary näsaz bolan ulag serisdelerinin dolandyrylmagy

50 manat

211m1b

Ýol hereketinin howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelmeýän, ýagny aýnalary ýa-da yzy görüs aýnalary, lukmançylyk derman gutujyklary, ot söndürijisi, ýol-ulag hadysasy sebäpli durus nysany, ennide tarap süýsmez ýaly diregleri, sonun ýaly-da motoulaglaryn gurluslarynda göz önünde tutulan howpsuzlyk egmegi bolmadyk ulag serisde­lerinin dolandyrylmagy

10 manat

211m2b

Ýol hereketine gatnasýan sürüjiler tarapyndan motoslýomlary ýa-da howpsuz­lyk kemerini ulanmak kadalary­nyn bozulmagy ýa-da ulag seris­desinin ýolagçylarynyn bu kadalary berjaý etmegine gözeg­çilik edilmezligi -

20 manat

211m3b

Öndürijiler tarapyndan göz önünde tutulmadyk närseler (sekil görnüsde hasaba alys enjamdan basga), ýagny ýol hereketinin howpsuzlygyna wehim salýan abzallar we tilsimler (prožektorlar, gözüni gamasdyrýan çyralar, gysgaldylyp ýa-da artdyrylyp goýulan pružinler, tüsse çykaryjy we ses abzallary, seýle hem bellenilen kada bozulyp garankyladylan ýa-da ýalpyldaýan aýnalar, aýnalaryn ýüzüne tutulan dürli örtükler (muna ulag serisdelerinde iki tarapynda yzy görüs dasky aýnalary bolan we sürüjinin oturan ýerinden töweregi görüsini çäklendirmeýän halatlary girmeýär)) hem-de ulaga bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän tekerler bilen enjamlasdyrylan ulag serisdelerinin ulanylmagy–

100 manat

211m4b

Su maddanyn üçünji böleginde görkezilenlerden beýleki dürli närselerin ulag serisdelerinde goýulmagy -

50 manat

211m5b

Ulag serisdelerinin dasky ysyk enjamlaryny we ses duýduryjylaryny peýdalanmak kadalarynyn bozulmagy, seýle hem hapalanan (aýnalaryndan dasyny, döwlet bellige alnys nysanlarynyn ýazgysyny görmäge mümkin bolmadyk, sonun ýaly-da kysymyny, renkini saýgaryp bolmadyk ýa-da tekerleri ýol örtüginde hapa galdyrýan) ulag serisdelerinin, sol sanda dasky ysyk abzallary we ysyk gaýtaryjylary islemeýän ýa-da hapalanan ulag serisdelerinin dolandyrylmagy –

30 manat

212m1b

Bellenilen tertipde bellige alynmadyk, döwlet tehniki gözegçiliginden geçirilmedik, bellenilen nusga laýyk gelmeýän döwlet bellige alnys nysanlary bolan ýa-da ýük awtoulaglaryn, tirkeglerin, awtobuslaryn nowasynyn yz tarapynda gaýtalanýan döwlet bellige alnys nysanlary bolmadyk ýa-da döwlet bellige alnys nysanlarynyn ýazgysyny okamak mümkin bolmadyk, sonun ýaly-da degisli rugsat almazdan basga renke renklenen ýa-da awtoulagyn basga bir görnüsine ýa-da kysymyna üýtgedilip gurlan ýa-da bellenilen tertipde bellige alynmadyk mahabat we mahabat görnüsli maglumat beriji ýazgylary bolan ulag serisdelerinin dolandyrylmagy -

50 manat

212m2b

Döwlet bellige alnys nysanlary bolmadyk ulag serisdelerinin dolandyrylmagy -

100 manat

212m4b

Ulag serisdesinin bellige alys we beýleki resminamalary ýanynda bolmadyk adamlar tarapyndan ulag serisdelerinin dolandyrylmagy -

10 manat

213m

Hereket edýän ulag serisdesini dolandyrýan adam tarapyndan ünsi sowujy (telefonda gürlesmek, iýip-içmek, çilim çekmek, ýol hereketine gatnasyjylary howlukdyrmak, gaty sesli audio-wideo enjamlary dinlemek we beýlekiler) hereketlerin edilmegi ýa-da ulag serisdesinin onun dasyna beden synalarynyn görnetin çykarylyp dolandyrylmagy

100 manat

214m2b

Bellenilen hereket tizliginin ulag serisdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 10-dan ýokary, ýöne 30 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy-

50 manat

214m3b

Bellenilen hereket tizliginin ulag serisdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 30-dan ýokary, ýöne 50 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy

200 manat

2141m1b

Ýol belgilerinin (hereketde artykmaçlygy görkezýän, gadagan ediji, buýruk beriji belgilerin) ýa-da ýollaryn ýörelýän bölegindäki belliklerin, hereketde artykmaçlyk bermek talaplarynyn berjaý edilmezligi, ozup geçmek, pyýada geçelgelerinden geçmek ýa-da jemgyýetçilik ulagyny duruzmak kadalarynyn bozulmagy, seýle hem garankyda ýa-da ýol onat görünmeýän wagtynda ysyklandyryjy abzallary peýdalanmak kadalarynyn berjaý edilmezligi -

50 manat

2141m2b

Ýol ysygynyn gadagan edýän duýdurmasyna ýa-da hereketi düzgünlesdirijinin eli, ala taýagy bilen edýän üm-hereketine garaman geçilmegi

200 manat

2141m3b

Ulag serisdelerinin durmak ýa-da säginmek kadalarynyn bozulmagy

100 manat

2141m4b

Ulag serisdelerin pyýada ýodalarynda sürülmegi, säginmegi ýa-da goýulyp gidilmegi, sonun ýaly-da ulag serisdeleri bilen ýasaýys jaýlaryna, binalara, desgalara we gurluslara barylýan geçelgelerin, ýollaryn, girelgelerin ugurlarynyn beklenilmegi

100 manat

215m

Su Kodeksin 214-nji, 2141-nji maddalarynda göz önünde tutulan we heläkçilikli ýagdaýyn döremegine getiren, ýagny herekete beýleki gatnasýanlaryn tizligi, hereketin ugruny üzül-kesil üýtgetmäge mejbur bolmagyna ýa-da olaryn öz howpsuzlygyny ýa-da ýol hereketine beýleki gatnasyjylaryn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin gaýry çäreleri görmegine getiren hukuk bozulmalaryn edilmegi

400 manat

216m

Ulag serisdelerinin sürüjileri tarapyndan ýolagçylary gatnatmak kadalarynyn bozulmagy

100 manat

218m

Ulag geçirijilerinin gabalmagynyn guralmagy, sonun ýaly-da olaryn gabalmagyna isjen gatnasylmagy, eger bu ýol hereketinin kesilmegine ýa-da ulagyn isinin basga bozulmalaryna getirmedik bolsa

Fiziki sahslara 100 manat, wezipeli adamlara 200 manat

219m1b

Ulag serisdelerinde tirkege almak kadalarynyn bozulmagy

50 manat

219m2b

Ýükün ulag serisdesini taýýarlaýjy tarapyndan kesgitlenen möçberinden artyk ýüklenip dasalmagy ýa-da ulag serisdelerinde ýükleri dasamak kadalarynyn gaýry bozulmalary

200 manat

221m

Ulag serisdelerinin sürüjileri tarapyndan demir ýol geçelgelerinden geçmek kadalarynyn bozulmagy

200 manat

222m3b

Ulag serisdelerinin görnetin serhos ýagdaýdaky adama dolandyrmaga berilmegi

600 manat

222m6b

Ulag serisdelerinin ulanmaga goýberilmegi üçin jogapkär bolan wezipeli adam tarapyndan sürüjä ulag serisdelerini serhos ýagdaýda dolandyrmaga goýberilmegi -

100-300 manat çenli jerime

223m1b

Su Kodeksin 210-njy, 214-nji, 2141-nji, 221-nji we 231-nji maddalarynda göz önünde tutulan ýol hereketi kadalarynyn ýol hereketine gatnasýanlar tarapyndan bozulmagy, eger bu zähmete hak tölemegin ortaça aýlyk möçberinin onusyna çenli möçberde maddy zyýan ýetirilmegine getiren bolsa, sonun ýaly-da ulag serisdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk adama ulag serisdesinin dolandyrmaga berilmegi we onun seýle netijelere eltmegi –

200 manat

223m2b

Ýol hereketinin kadalarynyn su Kodeksde göz önünde tutulan gaýry bozulmalary, eger olar su maddanyn birinji böleginde görkezilen netijelere getiren bolsa, -

100 manat

223m3b

Ýol hereketinin kadalarynyn su Kodeksin 233-nji maddasynda göz önünde tutulan bozulmalarynyn ulag serisdelerinin ulanylmaga goýberilmegi üçin gös-göni jogapkär wezipeli adamlar tarapyndan edilmegi, seýle hem olar tarapyndan dolandyrmak hukugy bolmadyk adama ulag serisdelerini dolandyrmaga berilmegi, eger bu su maddanyn birinji böleginde görkezilen netijelere getiren bolsa, -

200 manat

226m

Ulag serisdelerinin guramaçylykly kerwenlerinin hataryny ýa-da pyýadalaryn guramaçylykly toparlaryny kesip geçmek we olaryn düzümine gosulmak, eger bu ýol hereketinin howpsuzlygyna wehim döredilmegine getiren bolsa

100 manat

228m1b

Ulag serisdelerini dolandyrmaga bolan hukugyny tassyklaýan sürüjilik sahadatnamasy, seýle hem olary dolandyrmaga hukuk berýän ynanç haty ýanynda bolmadyk adamlaryn sol serisdeleri dolandyrmagy -

50 manat

228m2b

Ulag serisdelerini dolandyrmaga hukugy tassyklaýan ynanç haty bolmadyk adamlaryn ulag serisdelerini dolandyrmagy, seýle hem ulag serisdelerini dolandyrmaga hukugy tassyklaýan ynanç haty bolmadyk adama ulag serisdelerinin dolandyrylmaga berilmegi

200 manat

228m4b

Ulag serisdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk ýa-da ulag serisdelerini dolandyrmaga hukugy çäklendirilen adama ulag serisdelerinin dolandyrylmaga berilmegi

400 manat

231m1b

Pyýadalaryn ýol hereketinin düzgünlesdiriji duýdurmasyna boýun egmezligi ýa-da bellenilmedik (geçmesiz) ýerlerde ýolun gatnalýan böleginden geçmegi, mopedleri, welosipedleri we gaýry hereket serisdelerini dolandyrýan adamlaryn, arabakeslerin hem-de ýoldan peýdalanýan beýleki adamlaryn ýol hereketini düzgünlesdiriji duýduryjylara boýun egmezligi, hereketde ilkinjiligi görkezýän, gadagan ediji ýa-da buýruk beriji ýol belgilerinin talaplaryny berjaý etmezligi

20 manat

231m2b

Su maddanyn birinji böleginde görkezilen adamlaryn Ýol hereketinin kadalaryny bozmagy, eger bu heläkçilikli ýagdaýyn döremegine getiren bolsa,

100 manat

232m

Ýol hereketinin kadalarynyn su Kodeksin 210–231-nji maddalarynda göz önünde tutulan administratiw hukuk bozulmalaryndan gaýry bozulmalary

10 manat



233-nji madda

Ýol hereketinin howpsuzlygyna wehim salýan tehniki näsazlyklary bolan ulag serisdelerinin, sonun ýaly-da tehniki näsazlyklary sebäpli ulanylmagy gadagan edilen ýa-da degisli rugsat almazdan üýtgedilip enjamlasdyrylan ýa-da bellenilen tertipde bellige alynmadyk ýa-da döwlet tehniki gözegçiliginden geçirilmedik ulag serisdelerinin ulanylmaga goýberilmegi

100 manat

234m1b

Ulag serisdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk adamlara sol serisdeleri dolandyrmaga rugsat berilmegi

200 manat

234m2b

Ulag serisdelerini dolandyrmaga hukugy çäklendirilen adamlara sol serisdeleri dolandyrmaga rugsat berilmegi

300 manat

237m4b

Awtomobil ulagynda howply ýükleri dasamagyn bellenilen tertibinin bozulmagy

fiziki sahslara 100 manat, wezipeli adamlara 200 manat

243m1b

Ýollaryn, demir ýol geçelgelerinin, beýleki ýol desgalarynyn ýa-da ýol hereketini düzgünlesdirmegin tehniki serisdelerinin zaýalanmagy-

30 manat

243m2b

Ýol örtügini hapalamak, sol sanda hapalamak arkaly ýol hereketi üçin päsgelçilik döredilmegi-

100 manat

243m3b

Ýol örtüginde bilkastlaýyn yz galdyrylmagy ýa-da ulag serisdesinin gödek dolandyrylmagy-

200 manat

2431

Ygtyýarly döwlet edarasyndan ýörite rugsatnama almazdan umumy agramy, okuna düsýän güýji we gabaralary bellenilen ölçegden ýokary bolan ulag serisdelerinin awtomobil ýollary boýunça hereket etmeginin kadalarynyn bozulmagy



fiziki sahslara 100 manat, wezipeli adamlara 200 manat, ýuridik sahslara 400 manat

Türkmenistanyn IIM-nin Polisiýanyn ýol gözegçiligi müdirligi

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir